Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgradda ýygnanan protestçiler şäher geňeşine zor bilen girmäge synanyşdylar


 Protestçileriň bir bölegi giçlik paýtagtyň mejlis binasyna zabt edip girmäge synanyşdy.
 Protestçileriň bir bölegi giçlik paýtagtyň mejlis binasyna zabt edip girmäge synanyşdy.

Polisiýa işgärleri 24-nji dekabrda Serbiýanyň paýtagty Belgradda şäher geňeşiniň binasyna zor bilen girmäge synanyşan ýüzlerçe oppozisiýa goldawçysynyň öňüni alanda ýedi ofiser ýaralandy diýip, häkimiýetler aýtdy.

Polisiýa protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy, şäher häkimliginiň daş işiginde toplanan demonstrantlaryň käbiri binanyň penjirelerini döwdi, gapylaryny döwdi we zor bilen içeri girmäge synanyşdy.

Ýurduň populist prezidenti Aleksandar Wuçiç bu protestiň daşary ýurtlardan meçew berilmegi netijesinde hökümeti agdarmak üçin synanyşyk bolandygyny öňe sürdi.

Prezident 35-den gowrak adamyň tussag edilendigini we ýene köp tussag ediljekdigini aýtdy.

Oppozisiýa we köp sanly günbatar synçysy 17-nji dekabrda geçirilen parlament saýlawynda we ýerli saýlawlarda galplyga ýüz urlandygyny aýdýar.

24-nji dekabrdaky demonstrasiýanyň geçirilmegine Ýewropa tarapdar Serbiýa, zorluga garşy koalisiýa tarapyndan çagyryş edildi.

Olar prezident Aleksandar Wuçiçiň dolandyryjy Serbiýa Ösüş partiýasynyň ýeňiş gazanandygy aýdylan saýlaw netijesini ret etdiler.

"Ýazgy edilmedik ogurlygy bütin dünýä gördi. Belgradda biz ýeňiş gazandyk. Belgrad azat şäher" diýip, oppozisiýa syýasatçysy Srdjan Miliwojewiç mitingde eden çykyşynda aýtdy.

Berlen maglumata görä, penjireleri döwlen we içine girmäge synanyşylan mejlis binasynyň içinde polisiýa işgärleri bolup, olar zabt edip girmekçi bolan protestçileriň öňüni aldylar.

Polisiýa demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy. Protestçiler Serbiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklaryny we öz taýýarlan plakatlaryny göterip, sygyryp, gaýta-gaýta "ogry, ogry" diýip gygyrdylar.

Wuçiç saýlawdaky bidüzgünçiliklere ýol berlendigi baradaky aýyplamalary ret etdi.

XS
SM
MD
LG