Belgradda şu aýyň başynda geçirilen saýlawlarda ýol berlen bidüzgünçiliklere garşy gurnalan protestler dowam etdirilýär. 26-njy dekabrda oppozisiýa tarapyndan gurnalan protest çäresine ýene-de birnäçe ýüz adam toplandy.
Bu Serbiýanyň zorluga garşy koalisiýasynyň 17-nji dekabrda geçirilen parlament saýlawlaryndan we ýerli saýlawlardan bäri geçiren dokuzynjy protest çäresi boldy.
Prezident Aleksandar Wuçiçiň dolandyryjy partiýasy, Serbiýa Ösüş Partiýasy bu saýlawlarda ähli derejelerde ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.
Serbiýanyň zorluga garşy koalisiýasy ýurduň dolandyryjy partiýasyny saýlaw galplyklarynda aýyplaýar, döwlet ýolbaşçylary bu aýyplamalary inkär edýär.
"Biz ogurlygy ykrar etmeris we raýatlaryň saýlaw erki goralar" diýip, Serbiýanyň zorluga garşy koalisiýasyndan şäher häkimligine dalaşgär bolan Wladimir Obradowiç 26-njy dekabrda bolan protest ýygnanyşygynda aýtdy.
Serbiýanyň esasy oppozisiýa partiýasynyň tanymal wekilleriniň biri Marinika Tepiç bolsa, saýlaw galplyklaryna protest bildirip, açlyk yglan etjekdigini aýtdy.