Türkmenistanyň prezidenti birinji gün geçiren iş maslahatynyň başynda ýurduň ýaşlaryna bagyşlap ýazan kitabynyň çapdan çykandygyny aýtdy.
“Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar. Ýakynda ‘Ýaşlar — Watanyň daýanjy’ atly kitabym çapdan çykdy. Onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär” diýip, TDH Serdar Berdimuhamedowyň sözlerini sitirleýär.
Prezident bu kitabyň 27-nji dekabrda, ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek halkara, ylmy-amaly maslahata we sergä sowgat boljakdygyny, şeýle-de onuň bir nusgasyny öz kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberýändigini aýdypdyr.
G.Berdimumamedow 2007-nji ýylda prezident bolanyndan soň, ýurtda iň öndümli işleýän ýazyjy hökmünde tanaldy we onuň kitaplary birbada azyndan üç dilde çap edilip, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyndan çap edilen kitaplary okuw programmalaryndan we wagyz çärelerinden ‘gysyp çykardy’ diýip, synçylar aýdýarlar.
S.Berdimuhamedowyň ýazan kitabynyň näçe dilde çap edilendigi aýdylmaýar.