Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sibiriň Ýakutsk şäherinde onlarça demonstrant ýerli ýaşaýjynyň öldürilmegine protest geçirdi


Ýakutskyň Ýeňiş meýdançasy. 24-nji ýanwar
Ýakutskyň Ýeňiş meýdançasy. 24-nji ýanwar

Russiýanyň Sibir sebitindäki Ýakutsk şäherinde onlarça demonstrantyň ýerli bir ýaşaýjynyň milleti täjik bolandygy aýdylýan biri tarapyndan öldürilmegine garşy geçiren protestiniň dowamynda, polisiýa ençeme adamy saklady.

Gözli şaýatlaryň sözlerine görä, 24-nji ýanwarda Ýakutskyň Ýeňiş meýdançasyna 50 töweregi adam jemlenenden soň, kanun goraýjylar azyndan 15 adamy saklapdyrlar.

Polisiýa adam öldürmekde şübhelenýäniň tussag edilendigini, şeýle-de onda rus pasportynyň bardygyny aýdyp, protestçileri dargatjak boldy.

20-nji ýanwarda Ýakutskyň Namsky etrabynda bir ýaşaýjy pyçaklanyp öldürildi. Munuň yzy bilen, protestler tutaşdy.

XS
SM
MD
LG