Siriýanyň gündogaryndaky ABŞ-nyň bazasyna edilen hüjümde kürtleriň ýolbaşçylygyndaky “Siriýanyň Demokratiki güýçleri” toparynyň hataryndan bäş söweşiji öldürildi. Bu barada urşa gözegçilik edýän merkez 5-nji fewralda mälim etdi.
“Al-Omar nebit ýatagyna gije-ýaryndan soň edilen hüjümde “Siriýanyň Demokratiki güýçleri” toparynyň ýörite güýçleriniň hataryndan bäş gullukçy öldürildi, başga-da 20-si ýaralandy” diýip, düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary boýunça gözegçi merkezi aýtdy.
4-nji fewraldaky hüjümiň jogapkärçiligini Eýran tarapyndan goldanylýan jeňçi toparlary bilen gatnaşygy bolan “Yragyň Yslam garşy duruş hereketi” öz üstüne aldy.