Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada Ysraýylyň urandygy öýdülýän zarbada eýranly bir ofiser heläk boldy


3-nji iýundaky zarbada heläk bolanlaryň, şol sanda Saeed Abýaryň jaýlanyş mirasymy
3-nji iýundaky zarbada heläk bolanlaryň, şol sanda Saeed Abýaryň jaýlanyş mirasymy

Siriýanyň Aleppo şäheriniň golaýynda Ysraýylyň amala aşyrandygy öýdülýän howa zarbasynda, harby maslahatçy diýlip tanyşdyrylan, eýranly bir ofiser heläk boldy. Bu mundan iki aý çemesi ozal yslam respublikasynyň öz bähbitlerine edilen islendik hüjüme gaýtawul berjekdigi baradaky duýduryşyndan soň boldy.

3-nji iýunda irden amala aşyrylan hüjümde heläk bolan 17 adamyň arasynda Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň agzasy Saeed Abýar hem bardy diýip, bu korpus bilen ilteşikli Tasnim habar agentligi maglumat berdi.

Aleppo amala aşyrylan hüjüm boýunça ne Eýranyň hökümeti, ne-de Sakçylar korpusy beýanat bilen çykyş etdi.

Emma 4-nji iýunda Eýranyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Ali Bakeri Siriýa geldi.

Abýar 1-nji aprelde Ysraýylyň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasyna uran zarbasyndan bäri, Ysraýylyň urgusy netijesinde heläk bolan Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň birinji agzasydyr. Aprelde amala aşyrylan zarbada sakçylaryň ýedi agzasy, şol sanda iki general heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG