Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Siziň alyhezretleriňize goldaw”. Azerbaýjanda kandidatlar Ylham Alyýewi öwýärler


Azerbaýjanda boljak saýlawlaryň ýeke-täk gyzyklanmasy wezipedäki prezidentiň gazanjak sesleriniň derejesi bolar.
Azerbaýjanda boljak saýlawlaryň ýeke-täk gyzyklanmasy wezipedäki prezidentiň gazanjak sesleriniň derejesi bolar.

Azerbaýjanda 7-nji fewralda prezident saýlawlary geçirilýär. Wezipedäki prezident Ylham Alyýewe hakyky garşy durup biljek ähli syýasy partiýalar saýlaw bäsleşiginden ýüz öwürdiler. Ýeke-täk gyzyklanma häzirki prezidentiň ozalky geçen saýlawlardan, köp ses alyp biljekdigi bolar.

Azerbaýjanda saýlawdan öňinçä geçirilen çekişmelerde, saýlawçylar wezipedäki prezidenti kimiň goldaýandygyna we oňa kimiň oppozisiýada durýandygyna düşünip bilmediler.

«Prezident Ylham Alyýew öz sözünde durup, beren ähli wadalaryny ýerine ýetirdi» diýip, kandidatlaryň biri Fuad Alyýew 15-nji ýanwarda jemgyýetçilik telewideniýesinde mälim etdi.

Beýleki bir kandidat Zahid Oruk bolsa beýik azerbaýjan döwlet adamlarynyň taryhyň dowamynda, Ylham Alyýew üçin ses berjekdigini öňe sürdi.

Prezidentiň özi çekişmelere gatnaşman, resmi wekili Tahyr Budagowy öz adyna aýdylýan öwgi sözleri diňlemäge iberdi.

"Hormatly jenap Tahyr, siz wekilçilik edýän kandidatyňyzyň güýçli taraplaryny bilýäňizmi? – diýip, “Milli front” partiýasynyň başlygy Razi Nurullaýyew Budagowdan sorady we sözüni dowam edip, şeýle diýdi. – Köp ýyllaryň dowamynda, biziň partiýamyz Garabagyň azat ediljekdigini hem-de Azerbaýjanyň bitewiligini we özygtyýarlygyny dikeltjekdigini aýdyp geldi, emma muny siziň kandidatyňyz berjaý etdi" diýip, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda, esasan etniki ermenileriň ýaşaýan Daglyk Garabagyň Azerbaýjana gaýtadan birikdirilmegini nazarda tutup aýtdy.

Wezipede oturan prezident we prezidentlik wezipesine kandidat Ylham Alyýewiň saýlawyň öň ýanyndaky posteri. Baku, 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwary.
Wezipede oturan prezident we prezidentlik wezipesine kandidat Ylham Alyýewiň saýlawyň öň ýanyndaky posteri. Baku, 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwary.

2003-nji ýylda kakasy Haýdaryň wezipesini eýeläninden bäri Azerbaýjany awtoritar dolandyryp gelýän Alyýewe hakyky garşy durup biljek partiýalar saýlawlardan ýüz öwrüp, oňa bäsleşiksiz ýol açdylar. Şeýlelikde, Azerbaýjanda 7-nji fewralda geçjek saýlawlarda, ýeke-täk gyzyklanma Alyýewiň 2008-nji ýylda gazanan 89%-den gowrak sesinden, geçip biljegi bolar (soňky iki saýlawda, 2013-nji we 2018-nji ýyllarda 85% we 86% ses aldy).

Bu saýlawda iň geň zat onuň häzir geçirilmegidir. Saýlaw 2025-nji ýyla bellenildi, ýöne 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda, Alyýew saýlawyň wagtynyň üýtgediljegini yglan etdi. Alyýew saýlawlaryň haçan geçiriljekdigine garamazdan, häkimiýeti saklajakdygyna ynanýar, her niçigem bolsa, olar saýlawy geçirjekler, aýdylyşyna görä, ol öz hökümetiniň biraz çat açmagyna-da ýol bermek islemeýär.

Alyýew geçen ýylyň güýzünde, Azerbaýjanyň Garabag sebitinde, öz-özüni separatist hökümet diýip yglan eden etniki ermenileriň doly ýeňlişine henizem begenýär. Tutuş prezidentlik döwründe, bu onuň maksadydy. Bakuwyň ýyldyrym çaltlygyndaky harby hüjümi netijesinde, 2023-nji ýylyň sentýabrynda, 100 müňden gowrak ermeni Garabagdan, Ermenistana göçdi.

Daglyk Garabagdan müňlerçe ermeniniň köpçülikleýin çykmagy
Daglyk Garabagdan müňlerçe ermeniniň köpçülikleýin çykmagy

Baku bilen Ýerewan Azerbaýjanyň Daglyk Garabag sebitindäki çaknyşyklar boýunça ençeme ýyllap dawa-jenjel edip gelýärler. Ermenistan tarapyndan goldanylýan separatistler 1990-njy ýyllaryň başynda bolan uruşda, Azerbaýjandan bu sebiti basyp aldylar. Netijede, 30 müňe golaý adam öldi. 2020-nji ýylda, iki tarapyň arasynda, ýaňadan çaknyşyk başlandy, ol alty hepde dowam edensoň, Russiýanyň araçyllygy bilen ylalaşyk gazanyldy.

Ýeňiş şatlygynyň näçe wagtlap, ýurduň durgun ykdysadyýetinden, ünsi sowjakdygy belli däl, 2023-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda, jemi içerki önümiň derejesi Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, bary-ýogy 0,8% ösüpdir we sosial kynçylyklaryň sany gün-günden artýar.

«Alyýewiň [uruşdan] soň syýasy kapitaly has köp, şonuň üçinem oňa häzir saýlawa gitmek has aňsat – diýip, Baku şäherinde ýerleşýän Saýlawlara gözegçilik we demokratiýany öwredýän merkeziň başlygy, syýasy bilermen Anar Mämedli hasap edýär. – Ýurduň geljeginiň nämälimligi hasaba alynsa, aýratyn-da sosial-ykdysady ýagdaý göz öňünde tutulsa, bu galkynyşdan peýdalanýar.»

Alyýew saýlawlaryň wagtynyň üýtgedilmegine öz düşündirişini hödürledi. Ol üç sebäpden ybarat: Garabagda gazanylan ýeňşiň "täze eýýämi" aňladýandygyny, munuň täze saýlawlar bilen häsiýetlendirilmegini; Sowet Soýuzy dargandan soň, Azerbaýjanda ilkinji gezek Garabagda saýlawlary geçirmegiň mümkin bolandygyny ol 10-njy ýanwarda ýerli telewideniýä beren interwýusynda mälim etdi. Alyýew golaýda häkimiýete gelmeginiň 20 ýyllygyny hem belledi. "20 ýyldan soň saýlawlary geçirmek – bu taryhyň jemi bolar” diýip, ol aýtdy.

Azerbaýjanyň hakyky oppozision partiýalary bu delile ynanmadylar, şoňa görä-de, öňki gezeklerde bolşy ýaly, saýlawlary boýkot etmek kararyna geldiler. Soňky gezek Alyýewe garşy hakyky kandidat, taryhçy Jamil Hasanly 2013-nji ýylda, 6%-den hem az ses aldy.

«Bu oýunda bize kiçiräk rol teklip edildi, emma biz oňa gatnaşmak islemeýäris. Goý, munuň saýlawlar ýa-da adalatly bäsdeşlik bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny hemmeler görsün» diýip, “Azerbaýjanyň halk fronty” partiýasynyň başlygy Aly Kerimli Facebook sahypasynda ýazdy.

Şeýle-de “Musawat” partiýasy hem öz kandidatyny hödürlemekden ýüz öwürdi.

Anar Mämedliniň pikirine görä, golaýda syýasata goşulan we täze oppozision partiýasyny esaslandyran ykdysatçy Gubad Ibadoglu prezidentlik saýlawlaryna öz kandidaturasyny hödürläp bilerdi. Ýöne Ibadoglu 2023-nji ýylyň iýulynda, galplyk aýyplamalary bilen tussag edildi. Ol muny syýasy matlaplara esaslanýar diýip hasap edýär. Nähilem bolsa, ol henizem türmede.

Ibadoglunyň saýlawlarda näçe goldaw aljakdygy belli däl, ýöne ol belli derejede Alyýew üçin hökman oňaýsyz böwet bolardy diýip, bilermen Mämedli hasap edýär.

«Belki, Gubad Aly Kerimli ýaly meşhur däldir, ýöne ol açyk adam, şonuň üçinem prezidentlige kandidat hökmünde, hökümete garşy çykyp bilerdi. Onuň tussag edilmegi, meniň pikirimçe, [dalaşgärlere ses bermek üçin] hökümetiň taýýarlyk işleriniň bölegi bolup durýar, sebäbi olar bu saýlawda hiç hili alternatiwany görmek islemediler» diýip, Mämedli pikir edýär.

Hakyky bäsleşik bolmansoň, oppozisiýanyň roluny birnäçe bellikde durýan şahslar ýerine ýetirýärler. Kandidatlaryň üçüsi (Alyýewden başga) hiç bir bäsdeşlik şertini öňe sürmezden, 2018-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryna-da gatnaşypdy (hatda şol saýlawda kandidatlaryň biri özüne däl-de, Alyýewe ses berendigini aýtdy).

«Şu ýylky kandidatlaryň köpüsi parlamentiň agzalary, olaryň wekilçilik edýän partiýalary Alyýewiň “Täze Azerbaýjan” partiýasyndan, diňe ady boýunça tapawutlanýar, aslynda hiç haçan hökümete garşy çykmaýarlar. Bular bütinleý döwlet tarapyndan döredilýän partiýalardyr» diýip, Bakuwda ýerleşýän, hökümete degişli bolmadyk "Açyk Azerbaýjan" guramasynyň başlygy Zohrab Ismaýyl aýdýar.

Şu ýylky kandidatlaryň dördüsi 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda, Alyýewe tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edýän açyk hatyň awtorlarynyň arasynda bar: «Azerbaýjanda hereket edýän syýasy partiýalar ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna ýene-de bir gezek syýasy agzybirligini beýan edýärler hem-de Siziň alyhezretleriňize halkymyzyň gülläp ösmegi we döwletimiziň baky Bitaraplygyny ugrunda, Siziň üstünlikli alyp barýan içerki we daşarky syýasatyňyzda, öz goldawymyzy berjekdigimize ynandyrýarys» diýip, ol hatda aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan redaksiýasynyň maglumatyna görä, dalaşgärleri öňe süren partiýalar hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýär, adatça her partiýadan bir-iki adam öňe sürülýär.

"Oppozisiýadan" diýilýän kandidatlaryň käbiri garaşylmadyk syýasy teklipleri öňe sürüp, saýlaw kampaniýasyna biraz ýagtylyk getirdiler: Demirgazyk Azerbaýjan Respublikasynyň adyny üýtgedip, Eýranyň esasan etniki azerbaýjan ilatly ýaşaýan ýerlerini öz içine alýan uly Azerbaýjany döretmek, Ermenistanyň Sýunik oblastyndaky azerbaýjan dilli bölegini resmi taýdan ykrar etmek ýaly pikirleri öňe sürýärler.

«Olar şeýle akmak pikirleri öňe sürmek bilen Alyýewiň has gowy (we) ýeke-täk alternatiwadygyny görkezmek isleýärler» diýip, "Açyk Azerbaýjan" guramasyndan, Zohrab Ismaýyl hasap edýär.

Saýlawlar örän berk düzgün şertlerinde geçirilýär. Halkara ölçeglerine görä, Azerbaýjan öňki Sowet giňişliginde, köp wagtdan bäri iň azat däl ýurtlaryň biri bolup gelýär. 2022-nji ýylda köpçülikleýin habar serişdeleri baradaky kanun we 2023-nji ýylda güýje giren syýasy partiýalar baradaky kanun syýasy gepleşikleriň gerimini has-da daraltdy. Şondan soňky birnäçe aýyň dowamynda, garaşsyz žurnalistleriň we beýleki oppozisiýa işgärleriniň tussag edilmegi başlandy.

«Biz häkimiýetler tarapyndan saýlawlaryň galplyk ýagdaýlarynyň ýokary bolýandygyny we saýlawlarda ýeňiş gazanmajakdygymyzy mydama bilýäris. Şeýle-de bolsa, iň bolmanda biz saýlaw döwürlerini öz kampaniýamyzy geçirmek we režimi paş etmek üçin peýdalanýarys» diýip, “Halk fronty” partiýasynyň ýokary derejeli wekilleriniň biri Ylham Hüseýin Azatlygyň Azerbaýjan gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

«Indi olar saýlaw kampaniýasynyň geçirilişini beýan etjek we saýlawlardaky galplygy paş etjek käbir žurnalistleri tussag etdiler. Oppozisiýa lageriniň esasy wekillerinden biri Tofig Ýagublu iň masgaraçylykly aýyplanma bilen tussag edildi» diýip, Hüseýin sözüne goşdy.

Nähili-de bolsa, öňdebaryjy oppozisiýa partiýalaryň saýlawlara gatnaşmaýandygy üçin, käbir tankytlara sezewar boldy.

«Gynansak-da, hakyky oppozisiýa bu ýagdaýda, Azerbaýjanda alternatiwalaryň bolmazlygyna goşant goşýar. Ýeňiş gazanmak möhüm däl, hereketi guramak möhüm, ýagdaýy üýtgetmäge çalyşmaly» diýip, hökümete degişli däl guramanyň başlygy Zohrab Ismaýyl aýdýar.

«Olaryň hiç biri (oppozision liderler) saýlawlara taýýarlyksyz ýaly görünýär, belki, irki saýlawlar hakyndaky permana garaşan däldirler. Eýsem bu ýyllarda oppozisiýa näme bilen meşgullandy? Hökümet gün tertibini döretdi, oppozisiýa bolsa şol gün tertibine eýerdi. Başga hiç zat» diýip, Gasymly Azatlygyň Azerbaýjan gullugyna beren interwýusynda düşündirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG