Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sky News: Ukrainanyň harby uçary Russiýadaky nyşana ilkinji zarbasyny urdy

Ukrainanyň harby uçary bazar güni, uruş başlanaly bäri ilkinji gezek, Russiýanyň halkara derejesinde ykrar edilen çägindäki nyşana - Belgorod sebitine zarba urdy. Angliýanyň “Sky News” teleýaýlymy bu habary ukrain harby çeşmesine salgylanyp berdi. Ýöne ol resmi taýdan tassyklanmady.

“Sky News” gürrüňi edilýän zarbada anyk haýsy ýaragyň ýa-da haýsy ýurtdan iberilen ýaragyň ulanylandygynyň belli däldigini aýdýar. Maý aýynyň aýagynda Ukrainany ýarag bilen has uly möçberde üpjün edýän ýurtlaryň, ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň ýaraglarynyň Russiýanyň çägindäki nyşanalara garşy ulanmazlygy baradaky çäklendirmeleriniň käbiriniň ýatyrylandygy mälim boldy.

Ady aýdylmadyk çeşmäniň “Sky News” neşirine aýtmagyna görä, howa hüjümi netijesinde Belgorod sebitindäki serkerde nokadyna zarba uruldy.

“Ýetirilen zyýanlary kesgitlemek işleri dowam edýän hem bolsa, munuň göni urgy bolandygy tassyklandy. Bu Ukrainanyň howa güýçleriniň Russiýanyň çägindäki nyşana garşy amala aşyran ilkinji howa zarbasy" diýip, çeşme aýtdy.

Bar bolan maglumatlara görä, ukrain uçarlary anneksiýa edilen Krymdaky nyşanalara eýýäm birnäçe gezek zarba urdy. Bu hüjümlerde Angliýanyň “Storm Shadow” raketalary hem ulanyldy.

XS
SM
MD
LG