Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sloweniýanyň parlamenti Palestinany döwlet hökmünde ykrar etdi


Sloweniýanyň parlamenti Palestinany döwlet hökmünde ykrar etmek meselesini maslahat edýär.
Sloweniýanyň parlamenti Palestinany döwlet hökmünde ykrar etmek meselesini maslahat edýär.

Sloweniýa Palestinany döwlet hökmünde ykrar etdi.

Geçen hepde ýurduň hökümeti Palestinany garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etmek baradaky netijäni tassyklady we onuň durmuşa geçmegi üçin, bu garaýyşy parlamente ýollady.

4-nji iýunda 90 agzalyk parlamentdäki ses berişlikde bu netijäni kanunçykaryjylaryň 52-si goldady we hiç biri garşy çykmady. Galan deputatlar ses berişlik wagty ýokdy.

Sloweniýadan öň, Palestinany döwlet hökmünde Ýewropanyň beýleki birnäçe ýurdy, ýagny Ispaniýa, Norwegiýa we Irlandiýa ykrar edipdi. Ysraýyl bu ädimi ýazgardy.

XS
SM
MD
LG