Şweýsariýanyň polisiýasy bir otlynyň içinde palta we pyçak bilen ýaraglanyp, onlarça ýolagçyny ençeme sagatlap zamun alan şahsyň öldürilendigini habar berdi. Maglumatda onuň asly eýranly 32 ýaşly biridigi, şeýle-de onuň gaçybatalga aljak bolandygy bellenilýär.
Hadysada hiç bir ýolagçy şikeslenmedi.
Erkek kişi ýolagçylary 8-nji fewralda giçlik zamun aldy. Otly ýurduň Waud regionynyň Essert-sous-Şampwer şäherinde saklandy we polisiýa sebitiň daşyny gabady.
Parsça we iňlisçe gürlän ol şahs otly dolandyryjysynyň hem zamun alnan 15 adama goşulmagyny talap etdi.
Dört sagat çemesi wagtdan soň, polisiýa otla kürsäp girdi.