Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan Dagly-Badahşan awtonom sebitinde bäş jemgyýetçilik guramasyny ýapdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Täjigistanyň Dagly-Badahşan awtonom sebitinde soňky alty aýyň domamynda, geçen ýyl ýerli häkimiýetlere garşy guralan protestlerden soňky dartgynlyklaryň arasynda, bäş sany hökümetden aýry gurama ýapyldy.

Häkimiýetler ol guramalaryň ýerli jenaýatçy toparlar bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýärler.

Adalat ministriniň orunbasary Asadullo Hakimzoda 8-nji awgustda žurnalistlere bu guramalaryň Dagly-Badahşanda 140-dan gowrak jemgyýetçilik guramasynda we birleşiginde geçirilen barlagdan soň ýapylandygyny aýtdy.

Ýapylan we gadagan edilen bäş jemgyýetçilik guramasynyň üç sanysy adam hukuklary toparlary bolsa, ikisi ýaşlar toparlary.

Hakimzoda gadagan edilen jemgyýetçilik guramalarynyň haýsy jenaýat toparlary bilen ilteşiklidigini anyklaşdyrmady.

Bu guramalar sebitdäki raýat jemgyýetiniň wekilleriniň geçen ýyl bolan ganly protestlerden soň häkimiýetleriň barha kän basyş görkezýändikleri baradaky duýduryşlarynyň arasynda ýapyldy.

XS
SM
MD
LG