Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan Ysraýylda tussag edilen Eýran bilen baglanyşykly içalyçylykda güman edilýän adamdan çetleşýär

Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazon Rahimzoda (arhiw suraty)
Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazon Rahimzoda (arhiw suraty)

Täjigistanyň içeri işler ministri Eýran üçin içalyçylyk etmekde güman edilip Ysraýylda tussag edilen adamyň indi Täjigistanyň raýaty däldigini aýtdy. Bu beýanat Ysraýyl häkimiýetleriniň ozalky maglumatlaryna ters gelýär. Olar güman edilýäni Täjigistan bilen Russiýanyň goşa raýatlygyny göterýän adam hökmünde häsiýetlendiripdi.

Içeri işler ministri Ramazon Rahimzoda 21-nji iýulda Duşenbede geçirilen metbugat ýygnagynda bu adamyň Täjigistanda doglandygyny, emma soňra Täjik raýatlygyndan ýüz öwrüp, Russiýanyň pasportyny alandygyny aýtdy.

Rahimzoda goşmaça maglumat bermedi we onuň aýdanlaryny garaşsyz çeşmeler arkaly dessine tassyklamak mümkin bolmady.

Täjigistan bilen Russiýanyň arasynda goşa raýatlyk barada ylalaşyk bar.

Ysraýylyň polisiýasy, Şin Bet içerki howpsuzlyk gullugy we Goranmak ministrligi 2-nji iýulda Behruz Sobirjon diýip tanalan bir adamy tussag edendiklerini mälim etdiler. Olar ony Täjigistanyň raýaty we şol bir wagtyň özünde Russiýanyň hem raýaty hökmünde häsiýetlendirdiler.

Häkimiýetleriň maglumatyna görä, ol bilelikdäki derňewiň netijesinde iýun aýynda tussag edildi.

Ysraýyl derňewçileriniň bellemegine görä, güman edilýän adam ýanwar aýyndan bäri Eýranyň aňtaw gullugynyň wekili bilen aragatnaşyk saklapdyr we işleriniň köpüsini geçen aý Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky uruş döwründe amala aşyrypdyr.

Ysraýyl metbugatynyň habar bermegine görä, ol raketa zarbalarynyň düşen ýerleriniň we beýleki duýgur desgalaryň suratlaryny düşürip, şol maglumatlary Eýrana iberipdir hem-de täze adamlary işe çekmäge synanyşypdyr.

Ysraýyl häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, ol ilki bilen kanuny iş teklibine jogap berýärin diýip pikir edipdir, emma özüne ýüz tutanyň Eýranyň aňtaw gullugynyň wekili bolandygyny bilenden soň hem hyzmatdaşlygyny dowam etdiripdir.

6-njy iýulda Ysraýylyň prokuraturasy güman edilýäni 33 ýaşly Behruz Şarif Dodoboýew diýip görkezýän aýyplama namasyny kazyýete hödürledi.

Prokurorlaryň aýtmagyna görä, ol raketa zarbalarynyň düşen ýerleri, Haýfa kenarýakasy we ‘Elbit Systems’ goranyş kärhanasynyň desgalary barada maglumat ýygnap, olary kriptowalýuta arkaly töleg almak şerti bilen Eýranyň aňtaw gullugyna geçiripdir.

Bu aýyplamalar garaşsyz ýagdaýda tassyklanmady. Şeýle hem güman edilýän adam ýa-da onuň aklawçysy bildirilýän aýyplamalar barada köpçülige açyk beýanat bermedi.

Bu waka geçen aý Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda bolan uruşdan soň dartgynlylygyň artan döwrüne gabat geldi.

Ysraýyl häkimiýetleri Tähranyň bähbidine içalyçylyk etmekde güman edilýän birnäçe adamy tussag edendiklerini yglan etdiler. Şol bir wagtyň özünde Eýranyň häkimiýetleri hem Ysraýyl bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplanýan ýüzlerçe adamy sakladylar we birnäçe ýagdaýda içalyçylyk bilen baglanyşykly aýyplamalar esasynda ölüm jezalaryny ýerine ýetirdiler.

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

XS
SM
MD
LG