Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda ozalky polisiýa ofiseri, adam alyp gaçmakda we öldürmekde günäli tapylyp, 19 ýyl türmä höküm edildi


Ismoiljon Rahmonow we Akmal Ýusufzoda
Ismoiljon Rahmonow we Akmal Ýusufzoda

Täjigistanda polisiýanyň ozalky polkownigi Akmal Ýusufzoda uniwersitetiň bir mugallymyny alyp gaçamakda we soňy bilen öldürmekde günäli tapylyp, 19 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Geçen hepde bolan diňlenişik barada 5-nji martda Täjigistanyň Ýokary sudy Azatlyk Radiosyny habarly etdi.

28-nji fewralda sud Yusufzodanyň şärigi we garyndaşy Ismoiljon Şukurowy hem 12 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Ol geçen ýylyň tomsunda Yusufzoda mugallym Ismoiljon Rahmonowy alyp gaçmaga, şeýle-de soňy bilen onuň ellerini arkasynda daňyp, derýa oklamaga hemaýat bermekde günäli tapyldy.

Derňewçileriň maglumatyna görä, Ýusufzodanyň hereketleri gabanjaňlykdan ugur alypdyr, ýagny ol Rahmonowy aýaly bilen gatnaşyk saklamakda şübhelenipdir.

XS
SM
MD
LG