Täjigistanyň futbol boýunça saýalama topary Aziýanyň Kubogy ugrundaky toparlaýyn duşuşyklaryň çäginde Liwanyň komandasyny 2:1 hasaby bilen ýeňdi.
22-nji ýanwarda Kataryň Doha şäherinde geçirilen oýnuň netijeleri boýunça, Täjigistan çempionatyň 1/8 finalyna çykmagy başardy.
Horwatiýaly tälimçi Petar Segrtyň türgenleşdirýän Täjigistanyň topary çempionatda faworit hasaplanýar.
“Biziň bu ýerde her gün has uzak galmagymyz ajaýyp” diýip, Segrt aýtdy.