Täjigistanyň “Orienbankynyň” başlygynyň orunbasary Şohrat Ismattuloýewi öldürmekde günäkärlenýän 14 adamyň garşysyna açylan iş boýunça kazyýet seljermesi başlandy.
Ozodi radiosynyň maglumatlaryna görä, kazyýet işi ýapyk gapylaryň aňyrsynda, deslapky tussaghanada geçirilýär.
Ismattuloýewiň jesedi ol Duşenbe şäherinden alnyp gaçylandan iki aý soň, 15-nji awgustda tapyldy.
Howpsuzlyk wideosyndan görnüşine görä, 49 ýaşly bankir iýun aýynyň başynda näbelli adamlar tarapyndan bir ulaga münmäge mejbur edilipdir.
Günäkärlenýänleriň arasynda iki sany ýokary derejeli polisiýa işgäri hem bar. "Orienbank" Täjigistandaky iň uly hususy maliýe guramasy bolup, prezident Emomali Rahmonyň maşgalasy bilen baglanyşykly diýip bilinýär.