Täjik häkimiýetleri Merkezi Aziýa uniwersitetiniň “Hünärmen we üznüksiz bilim mekdebini” ýapdy we onuň ygtyýarnamasyny yzyna aldy diýip, Daglyk-Badahşan awtonom oblastyndaky wakalar barada habar berýän “Pamir Inside” neşiri 16-njy martda habar berdi.
Mekdebiň wekili “Ozodi” radiosy bilen gürleşeninde onuň ýapylandygyny inkär etmedi, ýöne resmi habaryň 17-nji martda çap ediljekdigini aýtdy.
Täjik häkimiýetleri bu maglumata häzirlikçe hiç hili düşündiriş bermediler.
“Hünär we üznüksiz bilim mekdebi” Merkezi Aziýa uniwersitetiniň bölümi bolup, Duşenbe, Bohtar, Hojant, Kulob we Horog şäherlerinde daşary ýurt dilleri, buhgalteriýa hasaby, maglumat tehnologiýalary we programmirleme boýunça sapak berýärdi.
“Pamir Inside” neşiriniň maglumatyna görä, bu dil mekdebinde 1500-den gowrak okuwçy okaýardy.
Bir çeşme bu mekdebi ýapmak baradaky kararyň Bilim gözegçiligi agentligi tarapyndan kabul edilendigini aýtdy.
Agentlik bu mesele boýunça hiç hili düşündiriş bermedi.