Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik migranty Krasnoýarskdan Ukraina iberilip, dereksiz ýitdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Täjigistanyň Faýzabad etrabynyň 39 ýaşly ýaşaýjysy Komiljon Nejmiddinowyň maşgalasy onuň özlerine näbelli ýagdaýlarda Orsýetiň Ukrainadaky urşuna iberilendigini we tas bir ýyla golaý wagt bäri dereksiz ýitenleriň sanawynda durýandygyny öňe sürýär.

Häzire çenli onuň öldürilendigi, ýaralanandygy ýa-da ýesir alnandygy anyklanylmandyr.

Dereksiz ýiten erkegiň dogany Şodibek Najmiddinow 29-njy dekabrda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna (Ozodi) beren interwýusynda Komiljonyň ýitirim bolandygy baradaky resmi habary maşgalanyň bary-ýogy üç aý mundan ozal alandygyny aýtdy.

"Krasnoýarsk harby komissarlygy Komiljonyň gulluk eden bölüminden hat iberdi. Hatda onuň 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda ýitirim bolandygy aýdylýar" diýip, Şodibek Najmiddinow aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Komiljon Najmiddinow 2024-nji ýylyň dekabryna çenli Krasnoýarsk ülkesinde mal söwdasy bilen meşgullanypdyr. Ol 2008-nji ýyldan bäri iş, gazanç üçin Orsýete gatnapdyr.

XS
SM
MD
LG