Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik ombudsmeni ýetginjekleriň janyna kast etmeginden alada bildirýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Täjigistanyň çagalar ombudsmeniniň edarasy 11-nji iýunda çap eden ýyllyk hasabatynda 2022-nji ýylda ýurtda 18 ýaşyna ýetmedik 69 adamyň, şol sanda psihiatrik ýagdaýy bolan dört adamyň öz janyna kast edendigini aýtdy.

Geçen ýyl öz janyna kast eden täjik ýetginjekleriniň sany 2021-nji ýylda öz sanyna kast eden ýetginjekleriň sanyndan dört esse az bolsa-da, ýagdaý aladaly bolmagynda galýar diýip, hasabatda bellenýär.

Şeýle-de hasabatda çagalaryň öz janyna kast etmegine getiren hereketlerde aýyplanan dört adamyň jogapkärçilige çekilendigi aýdylýar.

Soňky ýyllarda Täjigistanda maşgala zorlugy sebäpli özlerini we çagalaryny öldüren ýaş aýallar bilen bagly köp ýagdaý hasaba alyndy.

XS
SM
MD
LG