Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik prezidenti azyk önümleriniň “görülmedik derejede gymmatlamak” ähtimallygyny duýdurdy

Täjigistan. Azyk bazary. Arhiw suraty
Täjigistan. Azyk bazary. Arhiw suraty

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon şu ýyl azyk önümleriniň bahalarynyň öň görülmedik derejede ýokarlanmak ähtimallygyny duýdurdy diýip, Azatlygyň Täjik gullugy habar berýär.

Ol 30-njy martda "ekspert seljermesine" salgylanyp, "dünýädäki soňky wakalar sebäpli", şeýle-de howa üýtgemesiniň ýaramaz netijeleri sebäpli, azyk önümleriniň bahalarynyň ep-esli gymmatlap biljekdigini aýtdy.

Rahmon ilaty oba hojalyk önümçiligini artdyrmaga we bazary azyk önümleri bilen üpjün etmek we azyk howpsuzlygyny berkitmek üçin güýç gaýgyrmazlyga çagyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, prezident "suwuň we her santimetr ýeriň rejeli ulanylmagynyň" möhümdigini nygtady.

Bu beýanat daýhanlaryň käbiriniň häkimiýetleriň ekinlerini ýok edip, pagtaçylyga geçmäge mejbur edýändigi baradaky şikaýatlarynyň fonunda edildi.

Täjigistanyň oba hojalyk ministri şu ýylyň ýanwarynda birnäçe etrapda bugdaý ekinleriniň ýok edilmegi we mejbury pagtaçylyga geçilmegi bilen bagly ýagdaýlardan habarlydygyny we bu hili tejribelere garşy durýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG