Azatlyk Radiosy bu barada Gazagystan-German uniwersitetiniň professory, syýasat alymy we howpsuzlyk hünärmeni Rüstem Burnaşew bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Aziýa: Eger-de Moskwa Ukrainadaky söweşi bes etmek üçin şeýle islegi öňe süren bolsa, ilki bilen NATO ýurtlarynyň Merkezi Aziýa sebiti bilen nähili aragatnaşyk saklaýandygyny anyklamak isleýärin?
Rüstem Burnaşew: Merkezi Aziýa bilen NATO ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyk gaty çäklidir. Uruşdan öňki döwürde-de [2022-nji ýyla çenli], NATO muňa seresaply ýa-da ynjyk hyzmatdaşlyk diýip baha berýärdi. Ol terrorçylyga, zorlukly ekstremizme garşy bilim programmalaryna, çäkli segmentlerde strategiýany ösdürmek maksatnamalaryna degişlidir.
Eger harby hyzmatdaşlyk barada - Russiýanyň öňe sürýän talaplarynyň çägine girýän mesele barada gönüden-göni gürleşýän bolsak - bu gaty az sanly türgenleşiklerdir. Häzirki wagtda bu, türgenleşikleriň diňe bir görnüşi, olar her ýyl adatça Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çäginde we gaty çäkli formatda geçirilýär.
'Bu, Russiýanyň öňe sürýän logikasyna gabat gelýär'
Azatlyk Aziýa: Sebitde bileleşigiň harby bazalary ýok, Daşkentdäki aragatnaşyk edarasy bolsa 2017-nji ýylda ýapyldy. Şeýle bolansoň, Moskwa nämäni howp hökmünde görýär?
Rustam Burnaşew: Eger 2020–2021-nji ýyllarda, ýagny harby hereketler başlanmazdan öňki döwürde Russiýanyň dile getiren garaýyşlaryna seretsek, onda Russiýa üçin esasy mesele NATO-nyň giňelmegi we onuň, Moskwa üçin öz howpsuzlygy babatda aýratyn ähmiýete eýe bolan sebite işjeň aralaşmagydy. Bilşimiz ýaly, harby hereketleriň başlanmagynyň sebäpleriniň biri hökmünde Ukrainanyň NATO-a goşulmak ähtimallygy görkezilipdi.
Bu ýagdaýda mesele häzirki ýagdaýdan däl-de, eýsem geljekde bolup biljek ýagdaýlardan ugur alnyp goýulýan ýaly görünýär. NATO-nyň giňelmegi dowam edýär, mundan başga-da — geň galdyryjy bolsa-da — Merkezi Aziýa ýurtlary giňişleýin Ýewropa howpsuzlyk giňişliginiň bir bölegi hökmünde görülýär. Aslynda, NATO-nyň bu sebitdäki gatnaşygy 1994-nji ýyldan bäri, NATO bilen agza bolmadyk döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk maksatnamalary arkaly amala aşyrylýar. Şeýle başlangyçlaryň we degişli maksatnamalaryň, hyzmatdaş ýurduň ("Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk" çäginde gatnaşýan) bileleşige resmi taýdan goşulmazdan has öň hem, harby hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga ýardam berip biljekdigi aýdyňdyr. Şonuň üçin, eger biz strategiki we öňüni alyş häsiýetli çemeleşme barada gürrüň edýän bolsak, onda Merkezi Aziýada — häzir ýa-da geljekde — NATO-nyň bolmazlygy baradaky talap, Russiýanyň soňky onýyllyklarda öňe sürýän logikasyna doly gabat gelýär.
Azatlyk Aziýa: "The New York Times" neşiriniň habarynda, islendik görnüşdäki harby işjeňlik barada gürrüň gidýändigi aýdylýar. Emma NATO-nyň agzasy bolan Türkiýe, häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, hususan-da Özbegistanyň ýaragly güýçleri bilen örän işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Sebitiň ýurtlary Türkiýeden "Baýraktar" dronlaryny satyn alýarlar, Gazagystan bolsa "Anka" dronlaryny öndürjek zawody guruljakdygyny yglan etdi. Muny Merkezi Aziýada NATO-nyň işjeňligi hökmünde düşündirip bolarmy?
Rustam Burnaşew: "The New York Times" gazetindäki makaladan soň bildirilen pikir-teswirlere esaslansak, gürrüň esasan köptaraplaýyn harby hyzmatdaşlyk barada barýar. Iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk — meselem, Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk — bu kategoriýa girmeýär. Bular entek diňe deslapky pikirler bolsa-da, geljekde iki taraplaýyn gatnaşyklar bilen baglanyşykly soraglaryň ýüze çykmagy ähtimal. Şeýle-de bolsa, "harby hyzmatdaşlyk" barada gürrüň edilende, onuň dürli taraplaryny biri-birinden tapawutlandyrmagyň möhümdigini düşündirmek gerek. Meselem, türk lisenziýasy esasynda sowutly ulaglaryň öndürilmegi "harby-tehniki hyzmatdaşlyk" hasaplanýar, bu bolsa, dar manydaky "harby hyzmatdaşlyk" düşünjesinden tapawutlanýar. Şol bir düşünje şahsy düzümi taýýarlamak maksatnamalaryna ýa-da harby reformalary işläp düzmäge-de degişlidir. NATO agza döwletleriň Merkezi Aziýa ýurtlaryna raýat-harby hyzmatdaşlygy we ýaragly güýçlerine raýat gözegçiligi boýunça maksatnamalary işjeň hödürländigini bilýäris. Adatça, bu ugurlar "harby hyzmatdaşlyk" düşünjesine girmeýär — sebäbi bu adalga köplenç bilelikdäki harby türgenleşikleri ýa-da hyzmatdaş ýurtlaryň harby güýçleriniň fiziki taýdan şol ýerde bolmagyny aňladýar.
Azatlyk Aziýa: Ýöne bular inçe meseleler. Eger anyk bolmadyk terminologiýa gaýra goýulsa, bu Moskwa üçin Ankara-da NATO agza döwlet hökmünde edip bilmejek hereketleri barada aýtmaga mümkinçilik berýär.
Rustam Burnaşew: Eger ara alnyp maslahatlaşylýan düzgünler kabul edilse, onda tutuş konseptual çarçuwa örän anyk kesgitlenmelidir. Bu bolsa, ünsüň diňe NATO-nyň çägindäki köp taraplaýyn hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini ýa-da NATO agza aýry-aýry döwletler bilen iki taraplaýyn gatnaşyklary hem öz içine alýandygyny aýdyňlaşdyrmagy talap edýär. "Harby hyzmatdaşlygyň" nämäni aňladýandygyny, haýsy anyk işjeňlikleriň çäklendirilip, haýsylaryna rugsat beriljekdigini kesgitlemek zerur bolar. Bu çekişmeleri başlan tarap hökmünde Russiýanyň hut şeýle garaýşy öňe sürmegi ähtimal.
Merkezi Aziýanyň 'strategiki dymyşlygy
Azatlyk Aziýa: Häzirki wagtda tutuş dünýä Russiýanyň Merkezi Aziýany Ukraina boýunça gepleşiklerdäki talaplar sanawyna girizendigini ara alyp maslahatlaşýar. Şeýle-de bolsa, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri dymyşlygy saklaýarlar. Bu mesele olara gönüden-göni degişli bolsa-da, olar hiç hili teswir bermediler. Siziň pikiriňizçe, munuň sebäbi näme?
Rustam Burnaşew: Munuň birnäçe tarapy bar, men olardan ikisini belläp geçerin. Birinjiden, biz hiç hili resmi dokument görmedik, elimizdäki zat diňe bir gazetde çap edilen we hiç hili subutnama bilen tassyklanmadyk habardyr. Şonuň üçin, Merkezi Aziýa döwletleri üçin, aslynda diňe metbugatda "syzdyrylan" ýa-da matlaply ýaýradylan maglumata jogap bermek manysyz bolardy. Ikinjiden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň soňky wakalar bilen baglanyşykly üns bilen işlenip düzülen strategiýasy bar, kärdeşlerim muny "strategiki dymyşlyk" diýip atlandyrýarlar. Russiýa-Ukraina urşy barada resmi garaýşy beýan etmek, ýurtlarymyzy häzirki eýeleýän orunlaryndan has amatsyz ýagdaýa salardy. Şol bir logika biziň ara alyp maslahatlaşýan çaklamamyza hem degişlidir.
Aslynda, NATO bize giňeldilen hyzmatdaşlygy hödürlemeýär, NATO agza döwletler bilen harby hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirmek meselesi häzirki wagtda umuman gün tertibinde ýok. Mundan başga-da, "NATO bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýäris" diýip aýtmak, Russiýa ýa-da NATO ýurtlarynyň özleri bilen hökman dartgynlylygy, hatda çaknyşyga ýakyn ýagdaýy hem döredip biler.
Şeýle-de, eger bu çaklama dogry diýip kabul edilende-de, şeýle bir ýagdaýy göz öňünde tutmaly: hyzmatdaşlarymyz "Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dürli halkara guramalaryna goşulmaga özbaşdak hukuklary bar" diýip ykrar edip bilerler, emma NATO-nyň özünde bizi şol guramalara çagyrmak niýetiniň bolmazlygy mümkin. Şeýle bolansoň, diňe çaklama häsiýetindäki mesele barada näme üçin öz garaýşymyzy beýan etmeli?
Azatlyk Aziýa: Siziň pikiriňizçe sebitdäki paýtagtlar bu wakalara nähili garaýarlar? Olar özlerini uly geopolitiki oýunlara çekilýän ýaly duýýarlarmy? Ýagny, "Bizi öz halymyza goýuň, biz baribir NATO goşulmak islemeýäris" diýip pikir edýärlermi? Ýa-da olar muny diňe dowam edýän maglumat akymynyň bir bölegi hökmünde synlaýarlarmy?
Rustam Burnashew: Meniň pikirimçe, ikinji wariant has ähtimal. Olar, belki, diňe maglumat akymyny yzarlaýarlar, meseleleriň nähili beýan edilýändigine we dürli döwletleriň hem-de guramalaryň şeýle "synag ädimine" (ýagny, reaksiýany barlamak üçin edilen teklibe) nähili seslenýändigine syn edýärler. Aslynda, meniň garaýşymça, bu ýagdaý biziň ýurtlarymyz üçin peýdaly hem bolup biler, sebäbi bu bize çaknyşygyň iki tarapyndaky hyzmatdaşlarymyzyň şeýle pikire nähili garaýandygyny bilmäge mümkinçilik berýär.
Sebit üçin nämeler üýtgäp biler?
Azatlyk Aziýa: Eger talaplar sanawyna Merkezi Aziýa bilen baglanyşykly bir bent girizilen bolsa, sebit ýurtlary üçin harby hyzmatdaşlyk babatda ýagdaý nähili üýtgäp biler diýip pikir edýärsiňiz?
Rustam Burnashew: Esasy sorag şundan ybarat: biz "harby hyzmatdaşlyk" diýende, anyk nämäni göz öňünde tutýarys? Eger bu düşünjäni dar manyda alsak, biziň ýurtlarymyz üçin hiç zat üýtgemez. Iň erbet ýagdaýda, hyzmatdaşlarymyz — hususan-da NATO — biziň ýaragly güýçlerimizi häzirki wagtda geçirilýän çäkli harby türgenleşiklere çagyrmagyny bes edip bilerler. Beýleki ähli babatlarda hiç zat üýtgemez, sebäbi hyzmatdaşlygymyzyň beýleki taraplary, isleseňiz NATO bilen tutuşlygyna, isleseňiz-de onuň aýry-aýry agza döwletleri bilen"harby hyzmatdaşlyk" diýen berk düşünjä degişli däldir.
Azatlyk Aziýa: Eger Türkiýäniň biziň harby güýçlerimiz bilen hyzmatdaşlyk etmegine mundan beýläk rugsat berilmese, bu sebitdäki ýaragly güýçlere nähili täsir eder? Türkiýe Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda bilelikdäki türgenleşikleri geçirýär, öň agzalan sürüjisiz uçar enjamlaryny (dronlary) hem ýatdan çykarmaly däl. Eger Türkiýe bilen harby hyzmatdaşlyk bes edilse, munuň netijeleri nähili bolup biler?
Rustam Burnaşew: Harby hyzmatdaşlyk diňe bilelikdäki türgenleşikler bilen çäklenýär. Harby tehnologiýalara, şeýle hem taktiki we strategiki tejribä elýeterlilik kesilmez. Biz Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy Azerbaýjan arkaly aňsatlyk bilen dowam etdirip bileris: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaragly güýçleriniň bölümleri Azerbaýjanyň harby güýçleri bilen bilelikdäki türgenleşiklere gatnaşyp bilerler, bu bolsa, türk goşunlary tarapyndan ulanylýan düşünjeleriň we tejribeleriň paýlaşylmagy üçin araçy bolup hyzmat eder. Bu ýaragly güýçler üçin hiç hili pajygaly üýtgeşikligi döretmez.
Elbetde, käbir syýasy inçe taraplar bar. Hiç bir ýurt — şol sanda Merkezi Aziýadaky ýurtlar — halkara gatnaşyklarynda özleri babatynda kararlaryň kabul edilmeginde "obýekt" derejesine düşmek islemeýär. Emma, beýle tarapdan seredeniňde, biz hyzmatdaşlarymyzy hyzmatdaşlyga mejbur edip bilmeris, eger NATO gatnaşmak islemese, biz olary biziň ýaranlarymyz bolmaga mejbur edip bilmeris. Men harby-tehniki ugurda hiç hili uly netijeleriň boljagyny çaklamaýaryn. Hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlary dowam eder, täsir edip biljek ýeke-täk ugurlar — NATO ýurtlarynyň sebitde gönüden-göni harby gatnaşygyny ýa-da belli bir harby işjeňlikleri öz içine alýan ugurlardyr.
'Talaplaryň giňelmegi'
Azatlyk Aziýa: Siziň pikiriňizçe, näme üçin bu tema şeýle giň gyzyklanma döretdi? Merkezi Aziýanyň özünde gyzyklanmanyň bolmagy düşnükli, ýöne daşary ýurtly synçylar we barlagçylar hem bu barada pikir alyşýarlar we teswir berýärler. Russiýa we Ukraina bilen baglanyşykly meseleler adaty ýagdaýda Gündogar Ýewropa gönükdirilen wagtynda, näme üçin Merkezi Aziýa birden üns merkezine düşdi?
Rustam Burnaşew: Russiýanyň talaplarynyň geriminiň giňelýändigi baradaky düşünje barha artýar. Öň üns diňe Ýewropa giňişligi bilen çäklenen bolsa, indi garaşylmadyk ýagdaýda Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa hem meseleleriň hataryna goşuldy. Biz Russiýanyň NATO ýurtlaryna öňe sürýän talaplarynyň giňelýändigine şaýat bolýarys. Şübhesiz, şeýle çemeleşme düýbünden garaşylmadyk ýagdaýdyr. Beýleki tarapdan, 2019-njy we 2020-nji ýyllara seredeniňizde, bu talaplaryň aslynda şol wagtlar hem öňe sürlendigini görüp bilersiňiz. Emma häzir, uruş we dowam edýän harby hereketler bilen baglanyşykly gepleşikleriň fonunda, bu talaplar has kesgin we ýiti häsiýete eýe boldy.
Azatlyk Aziýa: Moskwa bu şertiň — eger bu hakykatdanam şert bolsa — ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin nähili täsir serişdelerine eýe? Bu babatda nähili-de bolsa bir söwda-geleşik bolup bilermi?
Rustam Burnaşew: Munuň gepleşiklerdäki bir pozisiýadygy, ýagny hakykatdanam bar bolan we ara alnyp maslahatlaşylyp bilinjek meseledigi aýdyňdyr. Bu NATO üçin, hatda Russiýa üçin hem düýpli ähmiýete eýe däl — emma Russiýa üçin, esasanam NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna giňelmegine ýol bermezlik babatda, bu mesele has uly agrama eýe bolup biler.
Meniň pikirimçe, bu, umuman aýdanyňda, gepleşikler üçin bir tema bolup biler. Meniň pikirimçe, bu has duýgur mesele däl, şonuň üçin hem ol diňe indi ýüze çykýar — elbetde, gepleşikler gün tertibiniň esasy meselesi hökmünde däl. Günbatar hyzmatdaşlarynyň muny Russiýa üçin mümkin bolan bir "bonus" hökmünde öňe sürmegi ähtimal. Russiýanyň özi muny göz öňünde tutmaýan hem bolup biler, ýöne Günbatar hyzmatdaşlary muny Ukraina bilen baglanyşykly ylalaşygy deňagramlaşdyrmaga kömek etjek goşmaça şert hökmünde hödürleýän bolmagy mümkin. Görşüňize görä, Russiýa käbir ylalaşyklara ýa-da barlyşyklara razy bolmaga höweslendirilýär, munuň öwezine bolsa, NATO-nyň Merkezi Aziýa bilen harby hyzmatdaşlygy azaldylar, şeýle senariý göz öňüme gelip biler.
Elbetde, düzgünleşdiriji mehanizmleriň, ýagny gazanylan ylalaşyklaryň hakykatdanam berjaý ediljegine nähili kepil geçip boljakdygy Ukrainadaky ýagdaýy çözmäge gönükdirilen gepleşikler prosesindäki esasy meseleleriň biridir. Gapma-garşylyga gatnaşýan taraplaryň hemmesi parahatçylyk ylalaşygynyň uzak möhletli bolmazlygyndan howatyrlanýarlar, Ukraina, Russiýa we Günbatar Ýewropa ýurtlary tarapyndan bu töwekgelçilikler barada aladalaryň bildirilendigini eýýäm gördük.
Halkara gatnaşyklarynda umumy kadalardan we gymmatlyklardan daşlaşylýan döwürde, howpsuzlyk kepillikleri — şeýle-de bar bolan şertnama binýadynyň berjaý ediljekdigine bolan ynandyryşlar — örän möhüm meselelere öwrülýär. Gynansak-da, şu günki gün şeýle kepillik hökmünde nämäniň hyzmat edip biljekdigini göz öňüne getirmek meniň üçin örän kyn. Men çynlakaý alada edýärin: gepleşikler prosesine gatnaşýan taraplaryň hiç birinde gapma-garşylygyň täzeden tutaşmazlygyny üpjün etmek üçin doly kepil geçýän, kemçiliksiz bir çözgüt ýok. Şonuň netijesinde, NATO-nyň Merkezi Aziýada harby taýdan bolmazlygyna nähili kepil geçip boljakdygy ýaly meseleleri çözmek hem örän kyn bolýar. Biziň ýurtlarymyz entek gepleşikler prosesine goşulmady. Harby hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmek isleýändigimizi ýa-da ondan ýüz öwürmegi makul bilýändigimizi hiç kim bizden soramady. Şeýle-de bolsa, eger biz ony dowam etdirmegi saýlasak, şeýle ylalaşygyň bozulmak howpunyň has-da ýokary boljakdygy aýdyňdyr.