Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyban dowamly media basyşynyň çäginde radio stansiýalaryny ýapýar

Talyban 2021-nji ýylda häkimiýete gaýdyp gelenden bäri giň gerimli senzura ulgamlaryny girizdi, şol sanda aýallaryň media gatnaşygyna çäklendirmeler goýdy (arhiw suraty).
Talyban 2021-nji ýylda häkimiýete gaýdyp gelenden bäri giň gerimli senzura ulgamlaryny girizdi, şol sanda aýallaryň media gatnaşygyna çäklendirmeler goýdy (arhiw suraty).

Owganystanyň Talyban häkimiýetleri 2021-nji ýylda söweşiji topar ikinji gezek häkimiýeti ele geçirenden bäri ýurduň media giňişliginiň uly derejede ýok edilmegine getiren dowamly basyşlaryň çäginde ýerli üç radio stansiýasyny ýapdy.

Tahsin al-Kuran, Sanga we Zama Ziwer atly radio stansiýalary Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynda - Talybanyň dörän we güýçli goldaw tapýan ýerinde - işleýärdi.

24-nji maýda çap edilen beýannamada Talybanyň Maglumat we Medeniýet bölümi radio stansiýalaryny salgytlaryny tölemezlikde, ygtyýarnamasynyň bolmazlygynda we pes hilli gepleşik ýaýlymynda aýyplady.

Şol beýannamada beýleki radio stansiýalaryna hem gepleşiklerini “yslam ýörelgeleri we ahlagy” bilen sazlaşdyrmak çagyryşy edildi.

Bul ädim media hukuklaryny goraýjy we beýleki hukuk toparlarynyň dessine tankydyna sezewar boldy.

“Media, aýratyn-da radio stansiýalaryna edilýän basyş artdy” diýip, Owganystan Media Goldaw Guramasynyň başlygy Hamed Obaýdi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna, Radio Azadi aýtdy.

Obaýdi radio stansiýalaryny ýapmak üçin getirilen sebäpleriň diňe jemgyýetçilik pikirini basyp ýatyrmak üçin bahana bolandygyny goşdy.

Geçen hepde başga bir ýerli stansiýa bolan Bamýan Radiosy ygtyýarnamasyny täzelemedigi üçin ýapylanda, radiodaky bir çeşme Azatlyk Radiosyna Talybanyň aslynda muny etmegine päsgel berendigini aýtdy.”

Talyban tarapyndan dolandyrylýan Owganystan geçen aý “Serhetsiz reportýorlar” (RSF) tarapyndan çap edilen Dünýä Metbugat Azatlygy Indeksiniň soňky neşirinde 175-nji orny eýeledi. Ondan diňe Saud Arabystan, Eýran, Hytaý, Demirgazyk Koreýa we Eritreýa has pes bahalandyryldy.

RSF 2021-nji ýyldan bäri Owganystandaky media edaralarynyň 43 göteriminiň ýapylandygyny aýdyp, garaşsyz mediýanyň ýok edilendigini we zenan žurnalistleriň aýratyn nyşana alnandygyny resminamalaşdyrdy.

2021-nji ýylyň awgustyndan bäri 165-den gowrak media işgäri tussag edildi (şolaryň 25-si 2025-nji ýylda) we media gözegçilik topary “žurnalistikanyň yzygiderli senzura bilen boglandygyny” aýdýar.

2025-nji ýyl üçin Owganystan Žurnalistika Merkezi (AFJC) tarapyndan dekabr aýynda çap edilen ýyllyk hasabat hem senzura we basyşlaryň artandygyny belledi.

“Oňa türmä basylan žurnalistleriň mejbury boýun etdirişleri, ýokary derejeli resmiler tarapyndan geçirilýän metbugat ýygnaklaryna zenan žurnalistleriň gatnaşygyna girizilen çäklendirmeler we göni ýaýlym habarlarynda aýallaryň sesleriniň senzura edilmegi ýaly mysallar girýär” diýip, hasabatda aýdylýar.

AFJC-niň hasabaty şeýle hem 2021-nji ýyldan bäri ýurtda azyndan 20 telewideniýe stansiýasynyň ýapylandygyny resminamalaşdyrdy. Topar Kandagar şäherindäki üç radio stansiýasynyň ýapylmagyny hem ýazgardy.

Talybanyň düzgünleri şeýle hem giň gerimli senzura ulgamlaryny girizdi, güýmenje gepleşiklerini we filmleri gadagan etdi hem-de aýallaryň media gatnaşygyna çäklendirmeler goýdy.

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

XS
SM
MD
LG