Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Koştepa kanalynyň birinji böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny yglan etdi


Afghanistan - Village elder Hadji Khaleq inspects the ruins of a home in Yaz Ariq Dinar destroyed by the advancing Amu Darya, undated
Afghanistan - Village elder Hadji Khaleq inspects the ruins of a home in Yaz Ariq Dinar destroyed by the advancing Amu Darya, undated

Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümeti uzynlygy 108 kilometr bolan Koştepa kanalynyň birinji böleginiň tamamlanandygyny, ikinji bölegiň gurluşygyna başlanandygyny habar berdi.

Kanalyň ikinji böleginiň uzynlygy 65 kilometre barabar bolar. Umumy uzynlygy 285 kilometr bolan bu kanalyň gurluşygy Owganystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarynda, dartgynlyklaryň döremegine getirmegi mümkin diýlip çaklanýar, sebäbi ol Amyderýanyň suwunyň belli bölegini alýar.

Kanalyň gurluşygy döwlet eýeçiligindäki owgan kompaniýasyna ynanylýar, gurluşygyň umumy bahasy 684 million dollara barabar bolar. Kanaly gurýan kärhananyň wekilleri bu gurluşygyň işiniň daşary ýurtly hünärmenleriň kömegi bolmazdan amala aşyrylýandygyny aýdýarlar.

Kanalyň ilkinji böleginiň açylyş dabarasy 11-nji oktýabrda, Balh welaýatynda geçirildi, oňa “Talyp” hökümetiniň köp sanly wekilleri gatnaşdylar.

“Talybanyň” resmileri dabarada eden çykyşynda, Koştepa kanalynyň gurluşygynyň ykdysady we oba hojalyk bähbitlerini nygtadylar hem-de kanalyň çärýek million adamy iş bilen üpjün etjekdigini aýtdylar. Şol bir wagtda "Talybanyň" wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, hususan-da

Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň bu kanalyň gurluşygy bilen bagly bildirýän aladalaryna yşarat edip çykyş etdiler.

“Talyban” hökümetiniň premýer-ministriniň orunbasary Molla Abdulgani Baradar dabarada eden çykyşynda aýtmagyna görä, Koştepa kanalynyň gurluşygy Merkezi Aziýa ýurtlary üçin problemalary döretmek taslamasy däl-de, eýsem Owganystanyň öz-özüňi dolandyryş taslamasydyr.

"Talyban" hökümetiniň daşary işler ministriniň orunbasary Şermuhammet Abbas Stanikzaý hem dabarada eden çykyşynda, Owganystanyň "halkara düzgünlerine laýyklykda hem-de ýurduň bähbitli borçlaryna we hukuklaryna doly hormat goýmak bilen" Amyderýanyň suwunyň daşyna berkitme aýlaýandygyny aýtdy we munuň üçin demirgazykdaky goňşularynyň alada etmeli däldigini bildirdi.

«Biz Owganystanyň Amyderýanyň suwuny şeýle mukdarda ulanjakdygyny, olaryň hukuklarynyň bozulmajakdygyna Täjigistany, Özbegistany we Türkmenistany ynandyrýarys, bu barada olara alada etmegiň zerurlygy bolmaz. Biz bu mesele boýunça islendik diplomatiki we syýasy derejede gepleşik geçirmäge we maslahatlaşmaga taýýardyrys» diýip, ol aýtdy.

Dabarada "Talyban" hökümetiniň Goranmak ministri Molla Ýakub hem çykyş edip, Amyderýadan Koştepa kanalyna akýan suwuň möçberiniň Owganystanyň öz hakyndan azdygyny aýtdy we Amyderýanyň suwlaryny Owganystana düşýän paýdan köp ulanmazlyga çalşarys diýip mälim etdi.

Mundan ozal Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Owganystanyň bu kanalyň gurluşygy bilen bagly Merkezi Aziýa ýurtlaryna hiç hili düşündiriş bermändigini aýdypdy hem-de beýle ýagdaýyň alada döredýändigini mälim edipdi.

Sentýabr aýynda Duşanbede geçen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň geňeşiniň mejlisiniň çäginde, Merkezi Aziýa döwletleriniň döwlet baştutanlarynyň Bäşinji Konsultatiw duşuşygynda, Koştepa kanalynyň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin, bilelikdäki toparyň döredilmegi teklip edildi. Owganystan häzire çenli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw koordinasiýasy boýunça döwletara komissiýasynyň agzalygyna girmän gelýär. Bu koordinasiýa girýän döwletler Amyderýanyň we Syrderýanyň suwuň sebitdäki ýurtlar arasynda bölünişini kesgitleýärler.

Şol döwürde "Talyban" hökümeti kanala diňe Amyderýanyň Owganystanyň territoriýasyndan geçýän hanasyndaky suwuň akdyrjakdygyny yglan edipdi.

Şol bir wagtda, käbir bilermenler we ýerli ýaşaýjylar "ýerli däl ilatyň" Koştepa kanalynyň töweregindäki ýerlere göçürilip getirilmegi hem-de talyplaryň sebitiň ilatynyň durumyny üýtgetmek üçin mümkin bolan programmasy barada, eýýäm alada bildirýärler.

Mysal üçin, ýaňy-ýakynda sosial mediada "Talyban" hökümetiniň pakistanly bosgunlary we “Tehrik-i-Talyban Päkistan” toparynyň agzalaryny bu sebite göçürip getirýändigi barada habar berildi. Bu maglumat hakda "Talyban" häkimiýetinden hiç hili düşündiriş bolmady.

Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň maglumatyna görä, Koştepa kanalynyň gurluşygynyň taslamasy Owganystan Respublikasynyň ilkinji prezidenti Muhammet Dawud Han döwründe, geçen asyryň 70-nji ýyllarynda taýýarlanypdyr. Soňra bu proýekte 2018-nji ýylda, häkimiýete Aşraf Ganiniň hökümeti ýolbaşçylyk eden wagtynda üýtgetmeler girizilipdi. Talyplar hökümete gelende, bu kanalyň gurluşygy üçin, býujetden 100 million dollar paýladylar. Taslamanyň praktiki ýerine ýetirilişi bolsa 2022-nji ýylyň martynda başlandy.

Meýilnama laýyklykda kanalyň uzynlygy 285 km. bolmaly, giňligi 100 metr, çuňlugy takmynan 8,5 metre barabar bolar. Gurluşyk işleri 5 ýyl üçin niýetlenendir. Gurluşyk tamamlanandan soň, Owganystan Amyderýanyň suwunyň azyndan üçden bir bölegini alar. "Talybanyň" hasaplamalaryna görä, kanal Balh, Jöwüzjan we Farýab welaýatlarynda, 500 müň gektara golaý ýeri suwarar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG