Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Pakistanyň harby uçarlary Owganystanyň territoriýasyna zarba uranda, ençeme adamyň ölendigini aýdýar


Pakistanyň serhedi (arhiw suraty)
Pakistanyň serhedi (arhiw suraty)

18-nji martda Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylary Pakistanyň harby uçarlarynyň Owganystanyň territoriýasynda, “Pakistanyň Talybany” toparynyň “söweşijileriň buky ýerlerine” zarba uranda, asuda ilatyň arasyndan azyndan sekiz adamyň, şol sanda üç çaganyň heläk bolandygyny aýtdylar.

2021-nji ýylyň awgustynda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler Owganystandan çekilenden soňra, “Talybanyň” häkimiýeti gaýtadan ele geçirmegi bilen, Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlylyklar has ýitileşip başlady. Yslamabat owgan tarapyny “Pakistanyň Talybany” toparynyň söweşijilerini öz territoriýasynda saklamakda we olaryň serhetden aşyp hüjümleri amal etmegine mümkinçilik bermekde aýyplaýar.

“Talybanyň” metbugat wekiliniň maglumatyna görä, 18-nji martda ýerli wagt bilen daňdan 3-lerde Pakistanyň harby uçarlary Owganystanyň günorta-gündogaryndaky Ghost we Paktika welaýatlarynda parahat ilatyň jaýlaryna zarba urupdyrlar. Bu sebitler Pakistan bilen serhetde ýerleşýär.

Pakistan bu maglumat boýunça entek beýanat bilen çykyş etmedi. Emma käbir resmileriň atlandyrylmasyzlyk şertinde beren maglumatyna görä, hüjümde “Pakistanyň Talybany” toparynyň kommandirleriniň biri – Abdullah Şahyň Paktikadaky öýi nyşana alnypdyr.

XS
SM
MD
LG