Demirgazyk Owganystandaky altyn käninde bolan ganly gapma-garşylyk “Talbanyň” altyn gazyp almagy giňeltmek baradaky tagallalaryna täze şöhle saçyp, olaryň kän düzgünleşdirilmedik amallary we daşary ýurtlardan, köplenç Hytaýdan alýan goldawlary barada köp sorag döretdi.
Soňky waka Talyban hökümetiniň Içeri işler ministrliginiň 7-nji ýanwarda tassyklan habary bilen bagly.
Ministrlik Tahhar welaýatynyň Çah Ab etrabynda şertnama esasynda işleýän kompaniýanyň altyn gazyp çykaryjy işgärleri bilen ýerli ýaşaýjylaryň arasynda bolan çaknyşyklar netijesinde dört adamyň ölendigini, bäş adamyň ýaralanandygyny tassyklady.
Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Abdul Matin Kane žurnalistlere heläk bolanlaryň üçüsiniň ýerli ýaşaýjy, biriniň bolsa kompaniýanyň işgäri bolandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol kompaniýanyň bir garawuly bilen bir ýerli ýaşaýjynyň adam öldürmek aýyplamasy esasynda tussag edilendigini, wagtynda kompaniýanyň işiniň derňew gutarýança togtadylandygyny aýtdy.
Ol kompaniýanyň adyny hem-de pidalaryň şahsyýetini anyklaşdyrmady, emma hüjüm hytaýly ýa-da owgan-hytaý taraplarynyň bilelikdäki magdan işleriniň köp jemlenen ýerinde bolup geçdi.
Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, kompaniýa ekerançylyk we ýaşaýyş ýerlerinde gazuw işlerini geçirip başlanyndan soň dawa-jenjel başlanypdyr. Bu meselede dörän düşünişmezlikler soňy bilen zorluga ýazypdyr.
Bu ýagdaý Owganystanyň Talyban dolandyryşy döwründe çalt depginde ösýän, emma doly düzgünleşdirilmedik altyn pudagynyň töweregindäki dartgynlylygyň güýçlenýändigini görkezýär.
“Talyban” toparynyň 2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýete gaýdyp gelmegi bilen, ýurduň ykdysadyýetini dikeltmegiň esasy sütüni hasaplanýan mineral serişdeleri täze döwre gadam basdy. Bu döwür gözegçiligiň çäkli bolmagy, daşary ýurtlaryň, esasan hem Hytaýyň, gatnaşygynyň artmagy we ýerli halkyň garşylygynyň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär.
2025-nji ýylyň noýabr aýynda Täjigistanyň Owganystan bilen serhedine golaý bir altyn käninde işleýän bäş hytaýly aýratynlykda bolan iki hüjüm wagtynda öldürildi. Hüjümleriň aňyrsynda kimiň durandygy henizem belli däl. Azatlyk Radiosynyň maglumatyna görä, ýerli ilat bilen hytaý goldawyndaky magdan kompaniýalarynyň arasynda daşky gurşaw meseleleri we sebit baýlyklarynyň gazylyp alynmagyna bolan nägilelik sebäpli, uzak wagt bäri dartgynlylyk we zorluk ýagdaýy saklanyp galýar.
“Gynansak-da, Owganystanda gözegçilik ýok diýen ýaly, magdan gazyp almak işleri köplenç iň aňsat peýdalanyp bolýan ýerlerde geçirilýär,” diýip, Owganystanyň magdan senagatynyň tejribeli hünärmeni Abdul Kadir MotafiAzatlyk Radiosyna aýtdy. Ol “Talyban” tarapyndan şertnama berlen känlerde edilýän işlere jemgyýetçilik we garaşsyz gözegçiligiň örän çäklendirilendigini hem sözüne goşdy.
Serhetýaka magdançylygynyň daşky gurşawa ýetirýän goşmaça zyýany
Badahşan we Tahhar ýaly demirgazyk welaýatlarda, Talyban bilen bagly ýerli ýolbaşçylaryň gözegçiliginde alnyp barylýan altyn gazyp almak tagallalary örän güýçlendi. Ýerli ilat bu ýagdaýdan, özleriniň ýerlerinden çykarylyp, başga adamlaryň ol ýerlerden peýda görmeginden örän nägile bolýarlar.
Faýzabaddan takmynan 50 km uzaklygyndaky Badahşanyň Şähr-e-Buzurg etrabynda, Talyban häkimiýeti ele alanyndan soň kän wagt geçmänkä, altyn magdançylygynyň gerimi düýpli ýokarlandy.
Öňler diňe ýönekeý gurallary ulanan we derýa kenarlarynda altyn gözleýän oba ýaşaýjylarynyň resmi däl işleri indi “Talyban” ýolbaşçylary we hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan dolandyrylýan uly taslamanyň içine siňdirildi, olar bu ýerlerde uly tehnikalary ulanýarlar. Azatlyk Radiosy bilen gürleşen işçiler indi köp ýeriň daşyna haýat çekilendigini, ol ýerleriň täsirli adamlara bagly ýaragly adamlar tarapyndan goralmagynyň ýerli halky öň peýdalanyp gelen ýerlerinden we suw çeşmelerinden mahrum edendigini aýdýarlar.
“Ýönekeý adamlar indi bu ýerleriň hatda bir kilometre golaýyna hem baryp bilmeýärler” diýip, bir magdan işçisi, howpsuzlyk aladalary sebäpli, adynyň aýdylmazlygyny sorap aýtdy.
Şähr-e-Buzurg magdan zolagy döwlete degişli ýerler bilen bilelikde hususy adamlara degişli ýerleri hem öz içine alýar.
Aýdylmagyna görä, hytaýly kompaniýalar we “Talyban” bilen bagly şahslar döwlet ýerlerini ulanýarlar, hususy ýer eýeleri bolsa bu ýerlerde ýa özleri gazuw işlerini geçirýärler, ýa-da ýerlerini daşary ýurtly maýadarlara satýarlar.
Ýerli ýaşaýjylar häzirki wagtda etrapda we onuň töwereginde 500-den gowrak toparyň işleýändigini, olaryň arasynda Kandahar we Helmand ýaly ýerlerden, beýleki welaýatlaryndan gelen işçileriň hem bardygyny, bu ýagdaýyň ýerli ekologiýa edilýän basyşy güýçlendirýändigini aýdýarlar.
Magdan işleriniň daşky gurşawa ýetirýän zyýany demirgazykdaky derýa jülgelerinde has açyk-aýdyň görünýär. Ýerli ilatyň aýtmagyna görä, pisse baglyklary we öri meýdanlary ýok edildi, gazuw we derýanyň ugruny üýtgetmek bilen bagly işler bolsa sebitdäki uly derýanyň, Amyderýanyň (ol Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň üstünden hem geçýär) hem birnäçe gezek ugruny üýtgetmegine sebäp boldy.
Badahşanly bir ýaşuly, “Talaban” tarapyndan jezalandyrylmakdan gorkup, adynyň aýdylmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosyna hytaý kompaniýalarynyň Kabuldan öz howpsuzlyk güýçlerini getirip, ýerli jemgyýete hiç hili maýa ýatyrmazdan, giň ygtyýarlyk bilen işleýändiklerini aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, heniz täze hassahanalar, mekdepler ýa-da köprüler gurlanok, gazanç bolsa esasan kompaniýalara, “Talyban” ýolbaşçylaryna we ýerli maýadarlaryň kiçi toparyna gidýär.
“Talyban” üçin möhüm girdeji çeşmesi
“Talybanyň” Magdanlar we nebit ministrligi ýerli halkyň bildirýän aladalaryna kän baş galdyrmady.
Hökümet Badahşanyň Ragistan we Şähr-e-Buzurg etraplaryndaky altyn känleri boýunça tender yglan etdi, emma şertnamalaryň tekstini, girdeji sanlaryny ýa-da daşky gurşaw şertlerini häzire çenli çap etmedi.
Ministrlik, döwlet derejesinde, magdançylyga ykdysady syýasatyň esasy sütünleriniň biri hökmünde garaýar we daşary ýurtly, esasan hem hytaýly hyzmatdaşlar bilen onlarça şertnama baglaşdy. Bu şertnamalar, Tahhar welaýatyny hem goşmak bilen, birnäçe welaýatda uly möçberli maýa goýumlarynyň goýulmagyny wada berýär.
Kabuldaky "Talyban" häkimiýetleri üçin magdan gazyp almak kampaniýasy, sanksiýalar we diplomatik izolýasiýa şertlerinde, kuwwatly walýutanyň möhüm akymyny hödürleýär. Resmiler daşary ýurtlardan goldanylýan taslamalaryň esasy maýa goýum sanlaryna we çaklanylýan döwlet girdeji paýlaryna salgylanyp, iş orunlaryny döretjekdiklerini we milli ösüşi maliýeleşdirjekdiklerini öňe sürýärler.
Emma muňa garamazdan, ykdysatçylar we magdançylyk hünärmenleri gowşak düzgünleşdiriş şertlerinde köp mukdarda gaýtadan işlenmedik magdany eksport etmegiň Owganystandaky ýataklaryň azalmagyna, iş orunlarynyň çäkli bolmagyna, berk kök uran howandarlyk ulgamlaryna we deňsizligiň çuňlaşmagyna sebäp boljakdygyny duýdurýarlar.
Owganystanyň Söwda palatasynyň öňki baş direktory Azarakhş Hafizi Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde Owganystanyň gymmatlyk zynjyrlaryny döretmek we durnukly iş orunlaryny açmak üçin minerallarynyň has köp bölegini ýurduň içinde gaýtadan işlemelidigini, diňe çig maly köpçülikleýin eksport etmäge daýanmaly däldigini aýtdy.
“Çig minerallary gözegçiliksiz ýagdaýda daşary ýurda çykarmagyň ykdysady taýdan hiç hili oňyn täsiri ýok. Magdan känlerimiziň gory azalýar, biz bolsa garyp bolmagymyzda galýarys,” diýip Hafizi aýtdy. “Azrak çykarmaly, emma dogry çykarmaly; materiallary ýurduň içinde gaýtadan işlemeli we olaryň gymmatyny artdyrmaly.”
Forum