Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talybanyň çäklendirmeleri mümkinçiliklerini daraldýarka, owgan zenanlary öz işlerini açýarlar

Owgan zenanlary Kabulda egin-eşik dizaýn dükanynda tikin tikýärler. (Arhiw suraty)
Owgan zenanlary Kabulda egin-eşik dizaýn dükanynda tikin tikýärler. (Arhiw suraty)

Kabulda bir ýaş zenanyň açan dükanynyň Instagram sahypasyna seretseň, ol dünýäniň syýasy tolgunyşyklaryndan üzňe bir ýer ýaly görünýär.

Ýigrimi ýaşlaryndaky dükanyň eýesi Marwanyň paýlaşýan gysga wideolarynda arassa, tertipli sergi otagy görkezilýär. Döwrebap aýna tekjelerde Owganystana mahsus lagyl, zümerret we rubellit daşlary bilen bezelen şaý-sepler ýerleşdirilipdir. Beýleki wideolarda bolsa zenanlaryň iş stollarynda işlenmedik daşlary kesip, şaý-seplere gymmat bahaly daşlary oturdyşy görkezilýär.

«17 ýaşymda şaý-sep ýasamak boýunça kursa gatnadym. Soň elimdäki az-owlak pul bilen öz işimi açdym» diýip, Marwa gürrüň berdi.

Häzirki wagtda onuň kärhanasynda 20 töweregi adam işleýär. Olar nepis şaý-sepleri ýasamak, gymmat bahaly daşlaryň ýüzüne nagyş oýmak we sargyt boýunça egin-eşik dizaýn etmek bilen meşgullanýarlar.

«Häzir kän gazanç etmeýäris, ýöne ýagdaýymyz erbet däl» diýip, Marwa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna “WhatsApp” arkaly gürrüň berdi. Bu makalada söhbetdeş bolan beýleki zenanlar bilen hem şol programma arkaly habarlaşyldy. Howpsuzlyk aladalary sebäpli olaryň ählisiniň atlary üýtgedildi.

Marwa mümkinçiliklerine girizilýän çäklendirmeleriň artýandygyna garamazdan, öz işini ýola goýmaga çalyşýan owgan zenan telekeçileriniň biridir.

Talyban 2021-nji ýylda häkimiýete gaýdyp geleli bäri, gyzlaryň orta mekdeplerde, zenanlaryň bolsa uniwersitetlerde okamagy gadagan edildi. Käbir zenanlar üçin telekeçilik girdeji gazanmagyň we başgalara iş döretmegiň az sanly ýollarynyň birine öwrüldi.

Zenanlar telekeçilik ygtyýarnamalaryny alyp, dükan açýarlar we müşderi tapmak üçin sosial ulgamlardan peýdalanýarlar. Olaryň käbirine banklar hem goldaw beripdir.

Emma öz işiňi alyp barmak ony giňeltmäge hem erkinligiň bardygyny aňlatmaýar.

Bu gapma-garşylyk Kabulda geçirilýän uly milli we halkara sergisi bolan Ymam Abu Hanifa söwda ýarmarkasynda hem görünýär.

Ýerli habar serişdeleriniň maglumatyna görä, ýedi gün dowam edýän çärä 20-den gowrak ýurtdan söwda wekiliýetleri we maýadarlar gatnaşýar. Ýüzlerçe sergi bölüminde owgan önümleri we kärhanalary tanyşdyrylýar.

Zenan telekeçiler ozal hem sergilere, şol sanda zenanlaryň eýeçiligindäki kärhanalar üçin ýörite bölümler gurnalan çärelere gatnaşypdylar.

Emma birnäçe telekeçi zenan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna erkekleriň gatnaşýan ýarmarkalaryna indi özleriniň goýberilmeýändigini aýtdy.

100-den gowrak adama iş

Ýurt demirgazygyndaky Jowzjan welaýatynda Zahra halyçylyk kärhanasyny dolandyrýar.

Ýigrimi bäş ýaşlaryndaky Zahra Talybanyň häkimiýete gaýdyp gelen döwründe hukuk ugrundan ýokary okuwyny tamamlapdyr.

Arzuw eden geljegine tarap ýoluny dowam etdirip bilmän, ol hususy mekdepde mugallym bolup işlän döwründe ýygnan puluna öz işini açypdyr.

2022-nji ýylda Zahra obalara aýlanyp, haly dokaýan zenanlar bilen duşuşypdyr. Ol olaryň işleýän şertlerini zähmetiniň rehimsiz peýdalanylmagy hökmünde häsiýetlendirýär.

«Olar örän garypdy” diýip, ol gürrüň berýär. “Gul ýaly işleýärdiler we önümlerini maşgalalaryndaky erkeklere berýärdiler. Hatda dokan halylarynyň näçe durýandygyny hem bilmeýärdiler».

Zahra olara aýlykly işde işlemek mümkinçiligini teklip edipdir.

Ilkibaşda ýigrimi-otuz töweregi zenan bilen işe başlan kärhanada häzir 100-den gowrak adam işleýär. Olaryň arasynda önümleri gaplamak we daşamak ýaly fiziki güýç talap edýän işleri ýerine ýetirýän erkekler hem bar.

Ýolagçylyk bilen bagly berk düzgünler sebäpli Zahra ýanynda kakasy ýa-da dogany ýaly «mähremi», ýagny erkek hossary bolmazdan, harytlaryny daşap ýa-da etraplaryň arasynda gatnap bilmeýär.

«Biziň meselämiz bazara çykmak” diýip, ol aýdýar. “Şonuň ýaly işi alyp barýan erkek adamyň müşderilere ýetmek mümkinçiligi zenanyň kärhanasynyňkydan has köp».

Muňa garamazdan, işiniň adamlaryň durmuşyna ýetirýän täsiri oňa dowam etmäge güýç berýär. Ol kärhana işe girmezinden öň depressiýadan ejir çeken bir dul enäni ýatlaýar.

«Maşgalasy onuň meniň kärhanamda üç aý işläninden soň, depressiýa garşy dermanlara mätäçliginiň galmandygyny aýtdy. Ol hem girdeji çeşmesini, hem-de beýleki zenanlar bilen aragatnaşyk saklap biljek ýerini tapdy».

Gizlin gözellik salonynyň işi

Kabuldaky otuz ýaşyna golaýlan telekeçi Nafisa ozal gözellik salonyny dolandyrypdyr. Bir wagtlar gülläp ösen bu pudak müňlerçe owgan zenanyny iş bilen üpjün edýärdi.

2023-nji ýylda Talyban gözellik salonlaryny ýapmagy buýurdy.

2023-nji ýylda Talyban gözellik salonlaryny ýapmagy buýrandan soň, owgan gözellik ussasy Kabuldaky salonda bir posteri aýyrýar.
2023-nji ýylda Talyban gözellik salonlaryny ýapmagy buýrandan soň, owgan gözellik ussasy Kabuldaky salonda bir posteri aýyrýar.

Häzir Nafisa Kabulyň esasan işçi maşgalalar ýaşaýan etrapçasynda kireýine alan öýünde gelinlere gizlin makiýaž edýär.

Ol sosial ulgamlarda öz hyzmatlaryny mahabatlandyryp bilmeýär we onuň resmi telekeçilik ygtyýarnamasy hem ýok.

Müşderiler ony biri-birinden eşidip tapýarlar. Käbirleri makiýaž etdirmek üçin onuň öýüne gelýärler. Käte bolsa ol gelinleri we olaryň garyndaşlaryny toýa taýýarlamak üçin müşderileriniň öýlerine barýar.

«Bütin dünýäde zenanlar makiýaž edýärler. Munuň syýasata dahyly ýok. Dine-de garşy däl» diýip, Nafisa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. «Munuň näme üçin biziň ýurdumyzda gadagan edilendigine düşünemok».

Azalýan girdeji

Häzir ýigrimi bäş ýaşlaryndaky Muska birnäçe ýyllap lukmançylyk ugrundan okapdyr. Emma zenanlaryň uniwersitetde okamagyna girizilen gadaganlyk onuň geljekki hünärine ýoluny doly ýapypdyr.

Ene-atasynyň beren puluna ol uýasy bilen Kabulda egin-eşik tikýän kärhana açypdyr. Olar 15–20 zenany iş bilen üpjün edýärler.

«Käbir müşderiler öz matasyny getirip, köýnek sargyt edýärler. Käbirleri bolsa diňe telefonyndaky suraty görkezip: “Maňa şunuň ýaly köýnek tikip beriň” diýýärler. Biz hem şol görnüşli matany tapyp, tikip berýäris» diýip, Muska gürrüň berdi.

Muska dükan açyp, önümleriniň katalogyny internetde hem ýerleşdirmek arkaly işini belli bir derejede şowly ýola goýupdyr.

Emma ykdysady pese gaçyş we garyplygyň artmagy beýleki kärhanalary kyn ýagdaýa salýar.

Owgan paýtagtynyň bir etrapçasynda Nargis alty zenanyň işleýän tikinçilik dükanyny dolandyrýar.

Kyrk ýaşyna golaýlan Nargis ozal Pakistanda bosgun bolup ýaşapdyr. Ol Kabula gaýdyp gelenden soň iş tapmakda kynçylyk çekip, depressiýa düşendigini gürrüň berdi.

Häzir Nargisiň dükanynda ýönekeý iş eşiklerinden başlap, el keşdesi bilen nepis bezelen gelinliklere çenli dürli egin-eşikler tikilýär.

«Talybanyň wekilleri wagtal-wagtal duýdansyz gelip, işimizi barlaýarlar. Hatda ähli işgärleri we müşderileri zenan bolan dükanymyzyň içinde-de hijap geýmegimizi talap edýärler» diýip, ol aýtdy. Nargis Talybanyň berk yslam egin-eşik düzgünleriniň çäginde zenanlardan örtünmegi talap edýän baş ýaglygyny göz öňünde tutýar.

Emma Nargis üçin iň derwaýys mesele ykdysady ýagdaýdyr. Sargytlar düýpli azalypdyr, galan müşderiler hem köplenç bahany düşürjek bolup söwdalaşýarlar. Käbir aýlarda ol kärende tölegini wagtynda töläp bilmeýär we işgärleriniň aýlygyny bermekde kynçylyk çekýär.

Maliýe kynçylyklaryna garamazdan, ol we işgärleri dükany işletmegi dowam etdirmegi ýüreklerine düwüpdirler. Olaryň aýtmagyna görä, bu iş durmuşlaryna many berýär.

«Ýöne meniň esasy meseläm müşderileriň azlygy» diýip, ol aýtdy.

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

​
XS
SM
MD
LG