Uzak ýyllaryň dowamynda dünýäde iň köp tirýek öndürýän ýurt bolan Owganystanda Talybanyň 2022-nji ýylda bikanun neşe serişdelerine giň gerimli gadaganlyk girizmeginden soň önümçilik düýpli azaldy.
Emma yslamçy ýaragly topar göknar ösdürilip ýetişdirilmegini doly aradan aýryp bilmedi. Şol bir wagtyň özünde, önümçiligiň goňşy Pakistana we Eýrana barha köp geçýändigi görünýär.
Hemra suratlaryna we ýerli daýhanlar bilen geçirilen söhbetdeşliklere görä, Owganystan bilen serhetleşýän Pakistanyň günorta-günbataryndaky Bulujystan hem-de Eýranyň günorta-gündogaryndaky Sistan-Bulujystan welaýatlarynda soňky ýyllarda göknar ekilýän meýdanlar ep-esli giňeldi.
«Talybanyň neşe gadaganlygy we üç ýurduň serhetleriniň sepleşýän sebitinde durnuksyzlygyň artmagy Pakistanyň Bulujystan welaýatynda hem-de Eýranyň käbir ýerlerinde göknaryň giňden ekilmegine şert döretdi» diýip, Britaniýada ýaşaýan, Owganystanyň bikanun neşe pudagy boýunça öňdebaryjy bilermen Deýwid Mansfild aýtdy.
Onuň sözlerine görä, netijede Owganystanyň, Pakistanyň we Eýranyň uzakda ýerleşýän, durnuksyz serhetýaka sebitleri «tirýek önümçiliginiň dünýä merkezine» öwrüldi. Mansfild «Gum üstünde gurlan döwlet: tirýek Owganystanyň düýbüni nähili gowşatdy» atly kitabyň awtorydyr.
Bilermenler 2027-nji ýylda sebitde göknar ekilýän meýdanlaryň has-da giňeljekdigini duýdurýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, bu halkara bazaryna çykarylýan geroiniň mukdaryny artdyryp, ýaragly toparlara girdeji getirip we zorlugy güýçlendirip biler.
Pakistan önümçiligiň merkezinde
Bulujystan welaýaty Owganystanyň, Pakistanyň we Eýranyň serhetýaka sebitlerinde göknar ösdürilip ýetişdirilýän esasy merkeze öwrülen ýaly görünýär.
Pakistanyň iň uly we iň garyp welaýaty bolan Bulujystanda esasan buluç etniki azlygyna degişli separatistik toparlaryň we beýleki ýaragly toparlaryň gozgalaňy onlarça ýyl bäri dowam edýär. Soňky ýyllarda ýaragly toparlaryň döwlete garşy hüjümlerini güýçlendirmegi bilen zorluk hem artdy.
Yslamabat ýurtda tirýek öndürmek üçin göknar ekilýändigi baradaky habarlary ret edip, ýüze çykarylan ekinleriň ählisiniň ýok edilendigini aýdýar. Pakistanyň Içeri işler ministrligi we Bulujystan welaýatynyň hökümeti Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň düşündiriş bermek baradaky ýüz tutmalaryna jogap bermedi.
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) hasaplamalaryna görä, Pakistanda tirýek önümçiligi henizem ujypsyz derejede galýar.
«UNODC ozal hem göknar ekilişiniň Owganystanyň töweregindäki ýurtlara geçýändiginiň alamatlarynyň bardygyny aýdypdy» diýip, edara Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna iberen beýanatynda belledi.
«Häzir görýän ýagdaýymyz şudur: Owganystanyň töweregindäki ýurtlardan gelýän maglumatlar henizem az, sebäbi olaryň diňe ikisi ekinleriň ýok edilişi barada hasabat berýär. Ýok edilen meýdanlaryň möçberi ekilişiň ýagdaýyny gönüden-göni görkezmeýän hem bolsa, soňky ýyllardaky ýiti ösüş önümçiligiň belli bir derejede goňşy ýurtlara geçýändigini görkezýär».
Emma hemra suratlaryny seljermek boýunça ýöriteleşen britan “Alcis” kompaniýasynyň suratlary we ýerli daýhanlar bilen geçirilen söhbetdeşlikler göknaryň welaýatyň dürli ýerlerinde giňden ekilýändigini hem-de meýdanlaryň giňelýändigini görkezýär.
«Hemra suratlarynyň seljermesi diňe Bulujystanyň özünde 9000 gektardan gowrak meýdana göknar ekilendigini ýüze çykardy» diýip, “Alcis” üçin awgust aýynda hasabat taýýarlan Mansfild aýtdy.
Göknar meýdanlarynyň esasy böleginiň Bulujystanyň Loralai we Killa Abdullah etraplarynda jemlenýändigi görünýär.
Pakistanyň Milli mejlisinde Killa Abdullah etrabyna ozal wekilçilik eden Abdul Kahar Wadan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna welaýatda göknaryň giňden ekilýändigini aýtdy. Onuň öňe sürmegine görä, muny ýokary wezipeli harby resmiler we hökümeti goldaýan ýerli täsirli adamlar goldaýarlar. Olar göknar ösdürip ýetişdirýänlerden öz paýlaryny alýarlar.
Killa Abdullah etrabynyň baş dolandyryş işgäri Monawar Husseýn bu aýyplamany ret etdi. Ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna geçen ýyl ekinleri ýok etmek boýunça geçirilen çärelerden soň göknar ekilişiniň azalandygyny aýtdy. Emma “Alcis” kompaniýasynyň 2026-njy ýyldaky hemra suratlarynda ekinleriň ýok edilendigine aýdyň subutnama görünmeýär.
Killa Abdullahda ýaşaýan, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň beren bir daýhanyň aýtmagyna görä, göknar ösdürip ýetişdirýänler täsirli araçylaryň üsti bilen ýerli häkimiýetlere para berýärler. Araçylar puldan öz paýlaryny alyp, galanynyň bir bölegini resmilere geçirýärler.
Daýhanyň öňe sürmegine görä, habar serişdelerinde çykýan maglumatlar ýokarky edaralaryň basyşyna sebäp bolanda, göknar ösdürip ýetişdirýänler we olary goldaýanlar käte ekinsiz ýerlere göknar ekmek barada ylalaşýarlar. Soň resmiler şol ekinleri ýok edip, neşä garşy göreşýändiklerini köpçülige görkezýärler.
Lala Jan Kakar ençeme ýyllap göknar ekmekden saklanypdyr. Emma howpsuzlygyň ýaramazlaşmagy, gurakçylyk we duýdansyz gelen sil suwlary onuň adaty miweçilik hojalygyna agyr zyýan ýetiripdir.
«Indi muňa garşy durmak mümkin däl. Göknara isleg miwä garanyňda has ýokary, girdejisi hem şonuň ýaly» diýip, Killa Abdullahda ýaşaýan Kakar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Bilermenleriň sözlerine görä, Pakistanda önümçiligiň artmagyna serhetden geçip, ýer kärendesine alýan we göknar ekýän owgan daýhanlarynyň köpelmegi itergi berdi.
Talyban Owganystanda göknar ekmegi gadagan edeli bäri, goňşy Kandagar we Helmand welaýatlarynyň daýhanlary ýerli daýhanlar bilen ylalaşyp, öz tejribelerini serhediň beýleki tarapyna geçirýärler.
«Owgan göknarçylarynyň hem puly, hem tejribesi bar» diýip, Kakar aýtdy. Onuň düşündirmegine görä, olar gün energiýasy bilen işleýän guýulara millionlarça pakistan rupisini goýup, gazanjyny ýer eýeleri bilen paýlaşýarlar.
Ýerasty suwlaryň az, adaty ekinleriň bolsa girdejisiniň pes bolan şertlerinde göknar çykdajylary has tiz ödeýär. Kakaryň aýtmagyna görä, ondan ýylda iki gezek hasyl alyp bolýar.
«Daýhanlaryň köpüsi 2026-njy ýylda eken meýdanlaryny iki esse giňeltdiler. Bu ösüşiň geriminiň we depgininiň aýdyň görkezijisidir. Şeýle hem bu 2027-nji ýylda göknar ekilýän meýdanlaryň has-da giňelmegine garaşmalydygymyzy aňladýar» diýip, Mansfild aýtdy.
Eýranda hem göknar ekilişi giňelýär
Şuňa meňzeş ýagdaý Eýranda hem ýüze çykdy. Owgan daýhanlary maşgala gatnaşyklaryndan we ýerli tanyşlaryndan peýdalanyp, serhetden geçýärler we kärendesine alnan ýerlerde ýa-da hasyly ýer eýesi bilen paýlaşmak şerti bilen göknar ösdürip ýetişdirýärler.
Soňky ýyllarda Eýranyň barha köp welaýatynda göknar ekilýändigi barada habarlar gelip gowuşýar. Olaryň arasynda gündogardaky Horasan-Rezawi, günbatardaky Kermanşah we Lorestan, şeýle hem günortadaky Fars welaýatlary bar.
Eýranyň iň uly we iň garyp welaýatlarynyň biri bolan Sistan-Bulujystan ýurduň esasy tirýek öndürýän sebiti bolmagynda galýar. 2026-njy ýylyň hemra suratlary welaýatyň käbir ýerlerinde göknaryň giňden ekilýändigini görkezýän ýaly. Uly meýdanlar köplenç tutuşlygyna şu ekine berlipdir.
Käbir hojalyklarda göknar ösdürip ýetişdirmek üçin damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň hem ulanylýandygy görünýär. Şeýle ulgamlary gurnamak ilkibaşda uly çykdajy talap edýär. Şonuň üçin olaryň ulanylmagy 2025-nji ýylyň ahyrynda ekiş geçiren daýhanlaryň ekinleriniň ýok edilmek howpuny pes hasaplandygyny görkezýär.
«Owganystanda olar dürli ekinleri ekýärdiler. Emma Pakistanda we Eýranda uly meýdanlary barha köp diňe göknara berýärler” diýip, Mansfild aýtdy. “Üýtgeşme diňe önümçiligiň serhetden geçmegi bilen çäklenmeýär. Dürli ekinleri ösdürip ýetişdirmekden uly meýdanlarda diňe göknar ekmäge geçilýär».
Fewralyň ahyryndan bäri ABŞ we Ysraýyl bilen urşa başagaý bolan Eýran häkimiýetleri 2026-njy ýylyň göknar hasylyny ýok edip bilmediler ýa-da muny etmek islemediler. Bu bolsa daýhanlaryň ynamyny has-da artdyrdy.
Sistan-Bulujystanda separatistleriň we beýleki ýaragly toparlaryň gozgalaňy hem güýçlenýär. Olar buluç azlygynyň köpden bäri dowam edýän närazylygyndan peýdalanýarlar. Bu azlyk häkimiýetleriň kemsitmelerine we zorlugyna beýlekilere garanyňda has köp sezewar bolup gelýär.
Bilermenleriň pikiriçe, Eýranda uruş dowam edip, ykdysadyýet çökmek howpunyň öňünde durka we döwlet beýleki meselelere ünsüni gönükdirýärkä, 2027-nji ýylda göknar ekilýän meýdanlaryň has-da giňelmegine garaşylýar.
Bilermenler Eýranyň, Pakistanyň we Owganystanyň serhetýaka sebitlerinde neşe önümçiliginiň artmagynyň hem zorlugyň netijesidigini, hem-de ony güýçlendirýändigini aýdýarlar.
«Ýaragly toparlar neşe söwdasyndan we beýleki serhetüsti işlerden alynýan salgyt girdejileri ugrunda bäsleşýärler. Ol işleriň arasynda adamlary bikanun serhetden geçirmek, ýangyç, magdan we beýleki harytlar bilen söwda etmek hem bar» diýip, Mansfild aýtdy.
Owganystanda önümçilik täzeden janlanýar
Talybanyň gadaganlygyna garamazdan, Owganystanda hem göknar ekilişi täzeden artýan ýaly görünýär. Bu ýurduň dünýä tirýek söwdasynda henizem möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.
Önümçilik ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan welaýatynda we günorta-günbatardaky birnäçe welaýatda jemlenýär. Çaklamalara görä, Owganystanyň tirýek önümçiliginiň ýarysyna golaýy Badahşanyň paýyna düşýär.
Gurakçylyk, artýan bergiler we ykdysady kynçylyklar sebäpli Badahşanyň hem-de Helmandyň daýhanlary protestlere çykyp, Talybanyň gadaganlygy güýç bilen berjaý etdirmegine garamazdan, ony bozýarlar.
«2026-njy ýylda Badahşanyň hem düme, hem suwarymly ýerlerinde göknar giňden ekildi” diýip, Mansfild aýtdy. “Günorta-günbatarda 2025–2026-njy ýyllar aralygynda göknar ekilýän meýdanlar tas iki esse giňeldi. Emma ekiliş çäkli bolmagynda galdy: meýdanlar uzak ýerlerde ýerleşýärdi, bugdaý ekinleriniň arasynda we öýleriň howly diwarlarynyň aňyrsynda gizlenýärdi».
Talybanyň täze tolgunyşyklara sebäp bolmakdan çekinýändigini görkezýär.
Talybanyň häkimiýet wekillerine kazyýet rugsady bolmazdan öýlerde göknar ýa-da tirýek gözlemegi gadagan edýän görkezmesi düýpli eglişik ýaly görünýär.
«Emma aýdyň bir howp bar: günorta-günbatarda barha köp daýhan bu eglişige häkimiýetleriň howly diwarlarynyň daşynda hem göknar ekilmegine göz ýumjakdygynyň alamaty hökmünde düşünip biler” diýip, Mansfild aýtdy. “Şeýle bolsa, 2027-nji ýylda Owganystanda tirýek önümçiligi düýpli artyp biler».