Tatarystanyň Ýokary kazyýeti Kazanyň Sowetskiý etrap kazyýetiniň tussaglygy 5-nji awgusta çenli uzaltmak baradaky kararyny kanuny diýip ykrar etmek bilen, Azatlyk radiosynyň Tatar-Başgyrt gullugynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewany deslapky tussaghanada galdyrmaly etdi.
“Kommersant” bu habary onuň aklawçysy Rim Sabirowa salgylanyp çap etdi.
Aklawçynyň sözlerine görä, žurnalist özüniň göz astynda saklanmak çäresini “iň bolmanynda öý tussaglygyna” geçirdip, üýtgetmek isledi. Kazyýet diňlenşigi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi.
Sowetskiý etrap kazyýeti žurnalistiň tussaglykda saklanmagyny uzaltmak baradaky kararyny 31-nji maýda kabul etdi. Kazyýet diňlenşigine Awstraliýanyň we Çehiýanyň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdy. Alsu Kurmaşewa şol gün öz saglygynyň üýtgewsiz ýaramaz bolup galýandygyny we bu meselä gyssagly gatyşylmagyna mätäçdigini aýtdy. Mundan başga, onuň sözlerine görä, deslapky tussaghanadaky saklanyş şertleri üýtgedi: indi ol on adamlyk kamerada saklanýar.
Tatarystana näsag ejesini görmäge baran žurnalist indi sekiz aý bäri tussaglykda saklanylýar.