Soňky habar

Täze seljerme: Ukrainadaky uruşda 700 müňden gowrak rus esgeri öldi

Russiýanyň Ukraina garşy giň gerimli urşunyň front çyzyklary «ölüm zolagyna» öwrüldi. Dronlaryň we beýleki tehnologiýalaryň ulanylmagy örän uly adam ýitgilerine getirdi.
Russiýanyň Ukraina garşy giň gerimli urşunyň front çyzyklary «ölüm zolagyna» öwrüldi. Dronlaryň we beýleki tehnologiýalaryň ulanylmagy örän uly adam ýitgilerine getirdi.

Täze seljermä görä, Ukraina garşy bäş ýyla golaý wagt bäri dowam edýän uruşda 700 müňden gowrak rus esgeri öldi. Bu örän uly san Moskwanyň ukrain ýerlerini basyp almaga, Ukrainanyň bolsa garşydaşyna köpçülikleýin adam ýitgilerini çekdirmäge çalyşýandygyny görkezýär.

23-nji noýabrda çap edilen hasaplamany «Meduza» we «Mediazona» habar neşirleri bilelikde taýýarladylar. Olar esasan miras işleri baradaky maglumatlara daýanyp, Russiýanyň ölen we ýaralanan harbylarynyň sanyny yzygiderli hasaplap gelýärler.

Täze hasaplama Russiýanyň döwlet statistika edarasy Rosstatdan ýakynda syzdyrylan maglumatlary hem öz içine alýar.

Maglumatlaryň ele salynmagynyň jogapkärçiligini özlerini «Belarusly kiberpartizanlar» we «Silent Crow» diýip atlandyrýan haker toparlary öz üstüne aldylar. Olar maglumatlaryň uly bölegini žurnalistlere we beýlekilere elýeterli etdiler.

Ýaralanan esgerler baradaky çaklamalar bilen bilelikde alnanda, täze sanlar Russiýanyň umumy adam ýitgileriniň 2 milliondan geçmäge golaýlaýandygyny görkezýär. Bu Moskwanyň Ikinji jahan urşundan bäri gatnaşan ähli uruşlarynda çeken ýitgilerinden has ýokarydyr.

Täze hasaplama Günbataryň aňtaw we harby edaralarynyň köpçülige mälim eden takmynan sanlaryna hem, umuman, gabat gelýär.

Maý aýynda Britaniýanyň esasy elektron aňtaw edarasy bolan Hökümet aragatnaşyk merkeziniň ýolbaşçysy uruşda ölen rus harbylarynyň sanynyň 500 müňden geçýändigini çaklapdy.

Ondan öňki aýda çap edilen ýyllyk hasabatynda Niderlandlaryň esasy harby aňtaw gullugy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Russiýanyň gulluga gaýdyp bilmejek harby ýitgileriniň 1,2 milliona ýetendigini çaklapdy. Olaryň arasynda ölenleriň sany 500 müňden gowrak diýlip görkezilipdi.

Russiýanyň fewralda başlananyna bäş ýyl doljak Ukrainadaky hüjümlerini dowam etdirip bilmeginiň esasy sebäpleriniň biri pul gazanmak üçin gulluga ýazylýan meýletinçilere tölenýän örän ýokary aýlyklardyr. Ölen harbylaryň yzynda galan maşgala agzalaryna berilýän tölegler hem möhüm orun tutýar.

Türme tussaglary hem rus esgerleriniň, aýratyn-da frontdaky pyýada goşun bölümleriniň ep-esli bölegini düzýärler.

Sebit býujetlerine esaslanyp, goşuna adam toplanyşyny yzarlaýan barlagçy Ýanis Klugeniň maglumatlaryna görä, şu ýyl maliýe höweslendirmeleri birneme azalan ýaly görünýär.

Bu maglumatlar Russiýanyň häkimiýetleriniň gulluga adam çekmekde we frontdaky bölümleriň hataryny doldurmakda has köp kynçylyk çekýändigini görkezýär.

Ukraina hem rus çozuşyndan goranmakda ölen we ýaralanan harbylar boýunça örän uly ýitgiler çekdi.

Ukraina birnäçe ýyl bäri resmi sanlary çap etmeýär. Emma Waşingtondaky Strategik we halkara barlaglar merkezi Kiýewiň ölen hem-de agyr ýaralanyp, gulluga gaýdyp bilmejek harbylarynyň sanyny takmynan 600 müň diýip çaklady.

Ukrainanyň ilatynyň has azdygyny göz öňünde tutanyňda, bu has-da agyr görkezijidir.

Russiýa bilen deňeşdirilende, Ukraina frontda söweşjek adamlaryň hataryny yzygiderli doldurmakda has köp kynçylyk çekýär. Kiýew hökümeti goşuna adam almak ulgamyny özgertdi. Emma adamlary köçeden tutup, ulaglara mündürip äkitmek ýaly, «busifikasiýa» diýlip atlandyrylýan mejbury usullar köp ukrainliniň gahar-gazabyny döretdi.

​
XS
SM
MD
LG