Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilkinji “akylly şäher” açylýar; Uly Berdimuhamedow Käbä zyýarata gider


Arkadag şäheri açyldy. TDH-nyň fotosuraty.
Arkadag şäheri açyldy. TDH-nyň fotosuraty.

Türkmenistanda 29-njy iýunda ilkinji “akylly” şäheriň, Arkadagyň açylyşy mynasybetli gurnalan giň möçberli dabaralara badalga berildi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna "Arkadag" diýlip atlandyrylan şäher Halk maslahatynyň başlygynyň doglan gününde açylýar.

“Akhan” binasynyň ýanyndaky meýdançada döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlar bilen Akhan binasynyň ýanyna bardy we ony açdy diýip, TDH habar berdi.

Soňra “Arkadag” binasynyň açylyşy boldy.

Şu aralykda Halk maslahatynyň başlygynyň Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisini geçirendigi, “Türki dünýäsine ýokary hyzmatlary üçin” atly medal, “TÜRKSOÝ” ordeni bilen sylaglanandygy, ertir Saud Arabystanyna zyýarata ugrajakdygy mälim boldy.

Mundan başga, häkimiýet başyna geçeninden soň öndümli işleýän ýazyjy hökmünde tanalan öňki prezidentiň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynyň çapdan çykandygy habar berilýär.

TDH ilkinji “akylly” şäheriň açylyşyna bagyşlanan giň gerimli dabaralaryň dowam edýändigini habar berdi.

Metbugat habarlaryna görä, 2023-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Medeniýet hepdeligi indiki ýyl sebit merkezleriniň birinde däl-de, şu gün açylan Arkadag şäherinde geçiriler.

XS
SM
MD
LG