Türkmen metbugaty 16-njy iýunda Hytaý Halk Respublikasynyň başlygynyň aýaly Pen Liýuanyň Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygynyň aýaly Ogulgerek Berdimuhamedowa ýazan hatyny çap etdi.
Ol hatda öňki prezidentiň aýalynyň iberen haty, onuň agtygy Aýjereniň taýýarlan sowgady üçin hoşallyk bildirilýär.
Türkmenistanda adatça prezidentiň we onuň kakasynyň adyna gelen hatlar çap edilýär. Indi bu sanawa prezidentiň ejesi hem goşuldy.
Türkmen metbugatynyň ozal hem habar berşi ýaly, O.Berdimuhamedowa 17-nji maýda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueiň gatnaşmagynda Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi atly forumy geçirdi.
Şondan soň prezidentiň ejesi myhmany öz agtygy bilen tanyşdyrdy we ol oňa atasy bilen Hyýýa baranda sowgat berlen panda gurjagynyň özünde uly täsir galdyrandygyny gürrüň berdi.
Hytaý liderini hoşal eden bu gurjagyň şekili esasynda taýýarlanan keşde bolup, türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, ol iş Aşgabada gelen myhmandan HHR-iň başlygy Si Szinpiniň aýalyna iberilipdi.
Şeýle-de, öňki prezidentiň aýaly şonda Pen Liýuana salam ýollap, onuň Türkmenistana gelip görmegi baradaky çakylygyny iberipdi.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri TDH-nyň çap eden haty baradaky habary çap edip, öňki prezidentiň aýalynyň ozal, ogly prezident bolmazyndan öň “Watan” habarlarynda tas görkezilmändigini, bu çäklendirmäniň indi häzirki prezidentiň aýalyna degişli bolandygyny belleýär.