Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Teklip edilýän kanun Gazagystanda prezident garyndaşlarynyň hormat meýdançasynda jaýlanmagyny gadagan eder


Öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň 'ýaşyryn' aýallary
Öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň 'ýaşyryn' aýallary

Öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň we onuň ýaranlarynyň täsirlerini has gowşatmak boýunça alnyp barylýan işleriň arasynda, gazak hökümeti Merkezi Aziýa ýurdunyň tanymal şahslarynyň jaýlanýan abraýly ýeri baradaky kanuna düzediş girizmek çärelerine başlady.

Bu düzedişleriň Nazarbaýewiň garyndaşlaryny gymmat bahaly jemgyýetçilik ýerinde jaýlanjak şahsyýetleriň sanawyndan aýyrmak maksadyndan ugur alýandygy çaklanylýar.

Gazak metbugaty 21-nji fewralda bu kanun taslamasynyň Medeniýet we maglumat ministrligi tarapyndan işlenip düzülendigini habar berdi.

Kanun taslamasynda aýdylmagyna görä, ýanýoldaşlaryndan we beýleki ýokary wezipeli adamlardan başga, ähli prezidentleriň garyndaşlary, şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji prezidenti, Elbasy (milli lider) Nursoltan Nazarbaýewiň karary bilen döwlet baýraklaryna eýe bolanlar bu ýerde jaýlanyp bilinmez.

Bu kanun Gazagystanyň birinji prezidentiniň garyndaşlarynyň, mirasdüşerleriniň, konstitusiýa kazyýetiniň başlyklarynyň garyndaşlarynyň we döwlet sekretarlarynyň garyndaşlarynyň bu ýerde jaýlanmak hukugyny kepillendirýän häzirki kanuny üýtgeder.

XS
SM
MD
LG