Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Temrýuk portuna edilen dron hüjüminden soň iki nebit ammary otlandy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Krasnodar ülkesindäki Temrýuk portuna edilen dron hüjüminden soň nebit saklanylýan iki ammary ot-ýalyn gaplady diýip, sebit iş topary habar berdi.

Ýangyn takmynan 2000 inedördül metr meýdany gurşap aldy. Ýangyny söndürmäge 70 adam we 18 sany tehnika, şol sanda Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň işgärleri gatnaşýar. Ilkinji maglumatlara görä, hiç kim şikes almady diýlip, beýanatda aýdylýar.

Mundan başga, Şerbinowskiý etrabynyň Nikolaýewka obasyndaky kärhanalaryň biriniň birnäçe senagat binasyna, oba hojalyk enjamlaryna zyýan ýetdi.

Orsýetiň Goranmak ministrligi 25-nji dekabra geçilýän gije 170 ukrain pilotsuz uçarynyň urlup ýykylandygyny habar berdi. Ministrligiň maglumatyna görä, Krasnodar ülkesiniň üstünde ýedi pilotsuz uçar uruldy..

Ukraina Temrýuk şäherine edilen hüjüm barada häzirlikçe hiç hili beýanat etmedi.

XS
SM
MD
LG