Hytaýda Tiananmen meýdançasyndaky demokratik protestleriň ganly basylyp ýatyrylmagynyň 35-nji ýyl dönüminde, Pekinde bu sebite barýan esasy ýollarda barlag-gözegçilik nokatlary dikildi we polisiýanyň gözegçiligi güýçlendirildi.
Hytaý bu meýdançandaky ganly wakalary hakydadan aýyrmak ugrunda köpden bäri tagalla edýär. 1989-njy ýylda Hytaýyň hökümeti ençeme aý bäri dowam edýän protestleri basyp ýatyrmak we ýurtda kommunistik režimi saklap galmak üçin meýdança harbylary ýollady.
Şol pursat, Tiananmen meýdançasyna 180 müň töweregi esger we ýaragly polisiýa, şeýle-de tanklar we beýleki harby ulaglar iberildi. Olar toplanan märekä ýaraglardan ot açdylar.
Ganly wakalarda heläk bolanlaryň anyk sany häzirki güne çenli belli däl. Ýüzlerçe, belki-de müňlerçe adamyň öldürilendigine ynanylýar.