AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri # 9
13
Balaton kölüniň kenarynda suwa düşýänleriň suwa girip-çykýan doňan basgançagyndan ýöräp barýan it. Fonyod, Budapeştden 148 kilometer günorta-günbatarda. (epa-EFE/Gyorgy Varga)
14
Moskwa, doňan Moskwa derýasynda ýörite gyşky gezelenç üçin niýetlenen gämiiň burnunda duran adamlar. (AP/Alexander Zemlianichenko)
15
Kiýew, 26-njy fewral. Garaşsyzlyk skweri. Ukrain we krym tatar aktiwistleri Ukrainany goldan, ýitirim bolan ýa-da rus häkimiýetleri tarapyndan Krymda tussag edilen adamlaryň portretlerini we atlary ýazylan plakatlary göterip durlar. Aktiwistler Orsýet basyp alyşyna Krym garşy duruş gününi belleýärler. (epa-EFE/Sergei Dolzhenko)
16
Gazagystan, 28-nji fewral. "Soyuz MS-06" hemrasy paraşýut bilen ýere gonýar. Ol amerikaly Joe Acaba we Mark Vande Heýden, orsýetli Aleksander Misurkinden ybarat ekipažy alty aýa golaý kosmos missiýasyndan soň Ýere alyp gelýär. (Reuters/Bill Ingalls/NASA)