AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar. Has kän surat görmek isleseň, "Picture This" arhiwimize gel.
Region görnüşleri # 20
13
Bosniýada 1992-95-nji ýyllarda bolan urşuň başynda serb güýçleri tarapyndan öldürilen 10 adamyň galyndylarynyň gaýtadan jaýlanyş dabarasyna müňlerçe bosniýaly gatnaşdy. Bratunac. (Reuters/Dado Ruvic)
14
Kumanowa, makedon polisiýasy bilen ýaragly adamlaryň arasynda bolan çaknyşykda weýran edilen jaýyň girelgesinde ýatan gurjak. Çaknyşykda 8 polis ofiseri, 14 ýaragly adam öldürildi. (AFP/Armend Nimani)
15
Rus prezidenti Wladimir Putin we german kansleri Angela Merkel Kremlde, Ukrain krizisi baradaky gepleşik mahalynda el gysyşýar. (Reuters/Sergei Karpukhin)
16
Sibir, Irkutsk şäheriniň suw parky, II Jahan urşunyň soňlanmagynyň 70 ýyllygyna bagyşlanan dabarda harby lybas geýdirilen jandarlar. (Reuters/Evgeny Kozyrev)