AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri # 5
13
Owgan oglanlary Kabulda gar basan depeden taýyp oýnaýarlar. (Reuters/Mohammad Ismail)
14
Gar ýagýan wagty Kabulyň eteginde oýnaýan çagalar. (AP/Rahmat Gul)
15
Eýranyň Hazar deňzine golaý Taleş sebitinde öz öýüniň äpişgesinden daşaryk seredip duran çarwa aýaly. Taleşli çarwalar, agyr gar we ot gytlygy sebäpli, gyş möwsüminde beýik daglardan aşak düşýärler we ýazyň aýagynda yzlaryna, Alborz daglaryna dolanýarlar. (AP/Ebrahim Noroozi)
16
Nepally hindi dindarlary bir aýlyk Swastani festiwalynyň soňky gününde, dessur boýunça, Hanumante derýasynda suwa düşýärler. Bhaktapur, Kathmandunyň etegi. (AFP/Prakash Mathema)