AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar.
Region görnüşleri # 51
5
Siriýa. Erkekler Idlibiň günortasynda, Marçmarinde ýasama nebit işleýän "zawodda" işleýärler. Bu "zawod" dort aý bäri aktiwleşdi. Onuň eýesi çig nebiti Yragyň YD kontrollugyndaky Deir al-Zor welaýatyndan alýandygyny aýdýar. (Reuters/Khalil Ashawi)
6
Saanadaky ýemenliler üçin ýerli kömek toparlary tarapyndan taýýarlanan azyk paketleri. Alty aýlyk konfliktde 6 müň çemesi adamyň ölendigi, 21 million adamyň azyk-suwlukdan kösenýändigi aýdylýar. (epa/Yahya Arhab)
7
Halk Azat ediş goşunynyň esgerleri Orsýet bilen serhediň golaýynda gyşky tälimden geçýär. Hytaý, Heilongjiang welaýaty. (Reuters)
8
Lahore, Pakistan. Peşawardaky mekdebe edilen ganly hüjümiň bir ýyllygy bellenilýär. 2014-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Pakistan "Talybanynyň" ýedi ýaraglysy Peşawarda, Goşunyň jemgyýetçilik mekdebinde 150-den gowrak adamy öldürdi. (epa/Rahat Dar)