ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 21-nji iýulda Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen bagly harby hereketlerini entek tamamlamandygyny aýtdy we ABŞ harbylarynyň ýakyn wagtda Natanz şäheriniň golaýynda ýer astynda çuň ýerleşýän Kuh-e Kolang atly ýadro desgasyny nyşana alyp biljekdigini duýdurdy.
“Biz ýakyn wagtda şol sebite örän güýçli zarba urarys” diýip, Tramp aýtdy. Ol adatça nyşanalary öňünden aýan etmeýändigini belläp, “emma olar munuň öňüni almak üçin hiç zat edip bilmez” diýdi.
“Pickaxe Mountain” ady bilen hem tanalýan Kuh-e Kolang Natanz şäheriniň golaýynda, ýer astynda çuň ýerleşýän ýadro desgasydyr. Günbatar aňtaw gulluklary Eýranyň bu desgany resmi taýdan yglan edilmedik urany baýlaşdyryş işleri üçin gurup biljekdigini aýdýarlar. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu desga käbir adaty ýaraglaryň, şol sanda ABŞ-nyň arsenalyndaky iň güýçli bunkerleri ýok ediji bombalaryň hem täsir edip bilmejek çuňlugynda ýerleşip biler.
Tramp Ak tamda Liwanyň prezidenti Josef Aoun bilen geçiren duşuşygynda häzirki konfliktde ýetirilen zyýandan soň Eýranyň gaýtadan dikeldilmegi üçin onlarça ýylyň gerek bolup biljekdigini aýtdy.
“Biz häzir çykyp gitsek, Eýrana ähli zady täzeden gurmak üçin 20–25 ýyl gerek bolar” diýip, Tramp aýtdy. “Emma biz häzir gitmeýäris. Biz entek işimizi tamamlamadyk.”
Žurnalistleriň biri Tähran bilen gepleşik geçirmek mümkinçiligi barada soranda, Tramp: “Olar bu meseläni tamamlamak üçin gepleşik geçirmegi juda isleýärler” diýip jogap berdi.
Žurnalist Eýranyň urşy bes etmäge taýýardygyny görkezýän alamatyň ýokdugyny aýdyp, Waşingtonyň meýilnamasy barada soranda, Tramp: “Hiç hili alamatyň ýokdugyny sen nireden bilýärsiň? Sen meniň bilmeýän zadymy bilýärmiň?” diýdi.
Žurnalist Eýranyň ABŞ-nyň ýaranlaryna hüjüm etmegini we amerikanlary öldürmegini dowam etdirýändigini aýdanda, Tramp: “Galp mediaňyzy diňläniňizde, muňa düşünmeýärsiňiz. Siz hiç zat bilmeýärsiňiz” diýip jogap berdi.
Tramp Eýran tarapyndan goldanylýan Ýemendäki huti söweşijileri Saud Arabystanynyň portlaryny gabamak baradaky haýbatyny durmuşa geçirse, Birleşen Ştatlaryň muňa jogap berjekdigini hem aýtdy.
“Şeýle ýagdaý ýüze çyksa, biz onuň bilen meşgullanarys” diýip, Tramp aýtdy. “Bilşiňiz ýaly, biz öň hem hutiler bilen iş salyşdyk. Ilkinji çärelerimizi görenlerinden bäri olardan ses çykanok.”
Hutiler 20-nji iýulda Saud Arabystanyna garşy deňiz gabawyny yglan etdiler. Bu ädim Eýran bilen konfliktiň täze frontuny açyp, Pars aýlagynyň çäginden daşardaky sebit energiýa üpjünçiligine we söwda ýollaryna hem howp salyp biler.
Forum