ABŞ-nyň uçarly gämileriniň topary 27-nji ýanwarda Ýakyn Gündogara bardy. Bu protestleri rehimsiz basyp ýatyran Eýrana garşy hüjümiň ähtimallygy bilen baglanyşykly dartgynlylygyň güýçlenýän wagtyna gabat geldi. Adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň aýtmagyna görä, hökümetiň protestlere garşy basyşy müňlerçe adamyň ölümine sebäp boldy.
Bu dartgynlygyň arasynda Eýranyň walýutasy bolan rial dollara garşy rekord derejede pese gaçdy we 27-nji ýanwarda 1 dollar 1,5 million reala deň boldy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tährana garşy harby hereketleriň gerek bolmajagyny "umyt edýändigini" aýtdy, ýöne ol soňky hepdelerde inflýasiýany we walýutanyň pese gaçmagyny bes etmek üçin çäre görmegi talap edip, köçelere çykan esasan parahatçylykly protestçilere garşy basyşa jogap hökmünde howa hüjümlerini geçirmek mümkinçiligini aradan aýyrmakdan ýüz öwürdi.
Eýranda şu aýyň başynda protestçilere zorlukly basyşlar başlanaly bäri Azatlyk Radiosy tarapyndan yzygiderli salgylanylýan, ABŞ-da ýerleşýän HRANA hukuk guramasyna görä, Eýranda ölenleriň tassyklanan sany häzir 6126 adam bolupdyr, bu howpsuzlyk güýçlerini hem öz içine alýar, henizem barlanýan pidalaryň ölüm sany bolsa 17091 ýetipdir.
Dürli habar beriş serişdeleri tarapyndan sitirlenýän resmileriň käbir çaklamalarynda agzalýan sanlar birnäçe esse ýokary.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp 26-njy ýanwarda "Axios" neşirine beren interwýusynda Eýran bilen bagly ýagdaýyň "kesgitsizdigini" sebäbi ol sebite "uly goşun" iberendigini aýtdy. ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň maglumatyna görä, "USS Abraham Linkoln" gämisiniň ýolbaşçylygyndaky hüjümçi topar häzir Ýakyn Gündogar suwlaryna barypdyr.
Emma, Tramp Tähranyň hakykatdanam ylalaşyk baglaşmak isleýändigi barada pikir edýändigini sözüne goşdy.
"Olar ylalaşyk baglaşmak isleýärler. Men muny bilýärin. Olar köp gezek jaň etdiler. Olar gürleşmek isleýärler" diýip, ol aýtdy.
Protestler 28-nji dekabrda paýtagt Tährandaky bazarlarda ykdysady ýagdaýyň ýaramazlygyndan nägile dükançylaryň arasynda başlandy. Bu protestler ýurt boýunça çalt ýaýrady we ýaşaýyş derejesiniň ýaramazlaşmagy we azatlyklaryň basylyp ýatyrylmagy sebäpli häkimiýetlere garşy demonstrasiýalara öwrüldi.
Rialyň dollara garşy pese gaçmagy ýyllyk inflýasiýanyň 44,6 göterime ýetmegi bilen baglanyşykly, bu azyk bahalarynyň ýyllyk 90 göterime golaý ýokarlanmagyna hem degişli. Eýranyň ykdysadyýeti ýyllarboýy kynçylyk çekdi, halkara sanksiýalarynyň basyşy we geçen ýylyň iýun aýynda Ysraýyl bilen bolan 12 günlük urşuň hem täsiri boldy.
Şaýatlaryň maglumatlary we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň tassyklan maglumatlary zorlukly basyşlaryň 8-nji we 9-njy ýanwarda howpsuzlyk güýçleriniň demonstrantlara garşy hakyky ok-däri ulanmagynyň netijesinde iňňän ýokary derejä ýetendigini görkezýär.
Internetiň bir hepdäniň dowamynda kesilmeginiň fonunda protestleriň zorlukly basylyp ýatyrylmagynyň derejesi barada maglumatlaryň syzyp çykmagy dowam edýär.
" NetBlocks" synçy guramasy 26-njy ýanwarda çap eden gündelik hasabatynda internetiň çäklendirilen elýeterliligi barada habarlar bolsa-da, elektrik togunyň kesilmeginiň dowam edýändigini aýtdy.
Eýranyň hökümetiniň metbugat wekili 27-nji ýanwarda internetiň "adam janyny goramak üçin" kesilendigini aýtdy, emma ol bu sözleri bilen näme diýjek bolýandygyny düşündirmedi.
Şol bir wagtda, protestleriň basylyp ýatyrylmagynyň täze suratlary internetde peýda bolýar, eýranlylar basyşyň nähili zalymdygyny görkezmäge synanyşýarlar.
"Vahid Online" kanaly 9-njy ýanwar agşamy Amol şäherinde hökümet güýçleriniň protestçilere gönüden-göni ot açýandygyny görkezýän täze suratlary çap etdi, bu bolsa häkimiýetleriň adam öldürmeleriň döwlet howpsuzlyk agentleri tarapyndan däl-de, "terrorçylar" tarapyndan amala aşyrylandygy baradaky sözlerine ters gelýär.
Suratlarda Kalaşnikow tüpeňleri bilen ýaraglanan forma geýen ofiserleriň köçelerde adamlary nyşana alyp, ot açýandygy görünýär.