Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp bilen Putin telefonda gürleşdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 2025-nji ýylyň dekabryndan bäri ilkinji telefon söhbetdeşligini geçirdi diýip, Russiýanyň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi.

Onuň sözlerine görä, söhbetdeşlik bir sagat töweregi dowam etdi we Trampyň başlangyjy bilen geçirildi, söhbetdeşligiň esasy temalary Ýakyn Gündogardaky uruş we Orsýetiň Ukraina bilen urşuny soňlamak ugrunda geçirilýän gepleşikler barada boldy.

Putiniň ABŞ-Ukraina gepleşikleri boýunça ýörite wekili Kirill Dmitriýew "konstruktiw söhbetdeşligiň bir sagat dowam edendigini" ýazdy. "Ukraina we Eýran konfliktleriniň mümkin bolan çözgütleri ara alnyp maslahatlaşyldy" diýip, ol aýtdy.

Uşakowyň sözlerine görä, Putin Eýran bilen urşuň çalt, syýasy we diplomatik taýdan tamamlanmagy barada birnäçe bellik etdi, ABŞ-nyň we Trampyň Orsýet-Ukraina urşuny soňlamak ugrunda edýän tagallalaryny "öwdi".

Uşakow Trampyň Ukrainadaky "ýagdaýyň çalt kadalaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirendigini" hem sözüne goşdy. Onuň sözlerine görä, Ukrainany gepleşik geçirmäge höweslendirmeli faktor hökmünde, Trampa "rus goşunlarynyň üstünlikli ilerlemesi" barada gürrüň berildi.

Tramp we Ak Tam heniz bu söhbetdeşlik barada häzirlikçe hiç hili düşündiriş bermedi.

XS
SM
MD
LG