Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp CIA-iň başlygynyň Moskwa saparyndan soň, Russiýanyň NATO garşy hüjüm edip biljekdigi baradaky howatyrlanmalary ret etdi

NATO-nyň harby uçarlary Russiýanyň mümkin bolan agressiýasy babatyndaky howplaryň arasynda, Baltika ýurtlarynyň asmanynda gözegçilik edýär (Arhiw suraty)
NATO-nyň harby uçarlary Russiýanyň mümkin bolan agressiýasy babatyndaky howplaryň arasynda, Baltika ýurtlarynyň asmanynda gözegçilik edýär (Arhiw suraty)

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň NATO-nyň tutanýerliligini synap görmek üçin baltik döwletine ýa-da ýaranlyga agza beýleki ýurtlara hüjüm edip biljekdigi baradaky howatyrlanmalaryň artýan mahaly, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp žurnalistlere beren maglumatynda Moskwanyň NATO garşy hüjüm edip biljekdigine ynanmaýandygyny aýtdy.

Tramp 27-nji awgustda Ak tamdaky Owal kabinetinde eden çykyşynda Putin bilen "gowy gepleşikler" geçirendigini, "onuň NATO-nyň territoriýasyna hüjüm etmejekdigini" aýtdy. Ol bu gepleşikleriň haçan geçirilendigini anyklaşdyrmady.

"Men aladalanmaýaryn... asla. Hiç hili mesele ýok" diýip, "Axios" habar neşiri Trampyň NATO döwletine garşy Russiýanyň mümkin bolan prowokasiýasy barada soralanda aýdan sözlerini sitirledi.

Bu beýanatlar, Kremliň ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Moskwanyň NATO garşy hüjüm etmeginiň mümkindigi baradaky we Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) başlygynyň Moskwa garaşylmadyk saparyndan soň peýda bolan bu habarlary "gorkunç hekaýalar" hökmünde ret eden mahalyna gabat geldi.

NATO-nyň 5-nji maddasynyň kepillikleri

Günbatar Ýewropanyň howpsuzlygy uzak wagtlap NATO-nyň özara goranyş maddasy bolan 5-nji madda bilen baglanyşykly bolup, onda ýaranlyga agza ýurtlaryň birine hüjüm etmek ähli agza döwletlere hüjüm etmek hökmünde görkezilýär.

Günbatar liderleriniň we resmileriniň köpüsi Trampyň harby ýaranlyga ygrarlylygy barada alada bildirdi. Tramp käte ýaranlyga agza döwlete hüjüm edilen halatynda ABŞ-nyň mümkin bolan jogabyny sorag astyna aldy, käte bolsa NATO-ny goldaýandygyny tekrarlady.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan görlen hatda Baltika ýurtlarynda Russiýanyň agressiýasy barada barha artýan aladalanma görkezilýär, şeýle-de "howa giňişliginiň bozulmalarynyň we dron hüjümleriniň ýygylygynyň artmagy" bilen bir wagtda, "howpsuzlyk gurşawynyň ýaramazlaşýandygy" aýdylýar.

Üç Baltika ýurdy boýunça ýewropa komissarlary Kaja Kallas, Andrius Kubilius we Waldis Dombrowskis, şeýle hem Polşanyň we Finlýandiýanyň komissarlary tarapyndan gol çekilen bu hat Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýene iberildi.

30-njy iýulda ýazylan bu hat, tomus möwsüminde Russiýanyň agressiýasy barada ýaňlanan birnäçe howsala jaňlarynyň biri bolup, bu ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň başlygy John Ratkliffiň 25-nji awgustda Moskwa garaşylmadyk sapary amala aşyrmagyna getirdi.

Ratkliff Kremli ABŞ-nyň ýaranlary, esasanam Estoniýa, Latwiýa we Litwa bilen gatnaşyklary dartgynlylaşdyrmazlyga çagyrmak üçin Moskwa uçdy. Bu barada sapar hakynda habarly çeşmeler 26-njy awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna maglumat berdiler.

‘Her alty aýda bir gezek’

“Axios” habar neşiriniň maglumatyna görä, Tramp Retkliffiň ruslara şeýle duýduryş berendigini ret etdi.

"Ratkliff rus kärdeşi bilen her alty aýda bir gezek ýa-da her ýylda bir gezek duşuşýar. Olaryň gatnaşyklary örän gowy. Hiç hili habar ýokdy we adatdan daşary zat ýokdy" diýip, Tramp aýtdy.

Emma soňra Owal kabinetinde žurnalistler bu mesele barada soranda, Tramp yza ädim äden ýarly bolup görnüp, "Men bu barada pikir beýan etmek islemeýärin, ýöne olar [NATO] hüjüm etmezler" diýdi.

“The New York Times” gazeti häzirki we öňki resmilere salgylanyp, Ratkliffiň öz rus kärdeşine Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň ýagdaýyna agyr baha berendigini we Kremli harby we ykdysady ýagdaýy ýaramazlaşmazdan ozal ylalaşyga gelmäge çagyrandygyny aýtdy.

Mundan ozal “The Wall Street Journal” gazeti ABŞ-nyň aňtaw gullugyna salgylanyp, Russiýanyň şu güýzde çäklendirilen hüjümi başlatmak arkaly NATO-nyň tutanýerliligini synap görmeginiň mümkindigini habar berdi.

Adynyň agzalmazlygy şerti bilen Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Baltika ýurtlarynyň diplomatlary, tomusda Russiýanyň ýalan baýdakly operasiýalary döwründe goşmaça aňtaw maglumatlarynyň bolandygyny, ýöne ýakyn wagtda boljak adaty hüjüm barada hiç hili alamatyň ýokdugyny tassykladylar.

NATO agzalaryna basyş edildi

27-nji awgustda Pentagonyň ýokary derejeli resmisi Waşington kontinentdäki goşunlarynyň sanyny gözden geçirýän mahaly, NATO ýaranlaryndan Ýewropanyň goranmagy üçin has uly jogapkärçiligi öz üstüne almak baradaky ABŞ-nyň talaplaryna nähili jogap berýändigini düşündirmegi talap etdi.

Trampyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ administrasiýasy ýaranlygyň agzalarynyň arasynda, iýul aýynda başlan alty aýlyk gözden geçirişden soň, Birleşen Ştatlaryň Ýewropadaky güýçlerini azaltmagynyň mümkindigi baradaky aladalary döretdi.

"Biziň çemeleşmegimiz, elbetde, maslahatlaşmaga we gatnaşyga esaslanýar. Biz ýaranlarymyzyň pikirlerini eşitmek isleýäris" diýip, ABŞ-nyň goranmak ministriniň orunbasary Elbrij Kolbi Brýusseldäki NATO-nyň ştab-kwartirasyna eden saparynda aýtdy.

Waşington Ýewropa ýurtlaryndan kontinenti goramak boýunça ileri tutýan tagallalaryny düşündirmeklerini soraýan sowalnama iberdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG