ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähranyň ýadro meselesinde eglişik etmeginiň deregine sanksiýalary ýeňilleşdirmegi we doňdurylan serişdeleri boşatmagy teklip edendigini ret etdi. Mundan öň bir neşir prezidentiň şeýle ädimlere "taýýardygyny" ýazypdy.
"Bu dogry däl. Men olara HIÇ ZAT teklip etmedim" diýip, Tramp Truth Social ulgamynda ýazdy. Axios neşiri 28-nji sentýabrda täze gytaklaýyn gepleşikleriň geçirilýän mahaly onuň ýadro meselesindäki eglişikleriň deregine şeýle ýeňillikleri bermäge taýýardygyny habar beripdi.
"Axios-yň habary, beýleki habarlarynyň köpüsi ýaly, diňe özleriniň 'Trampa garşy dälilik sindromyny' kanagatlandyrmak üçin ulanylýan TOSLAMADYR. Olar bu galp habary DERREW yzyna almaly!" diýip, ol ýazdy.
Axios-yň habarynda atlary agzalmadyk amerikan resmilerine salgylanylýardy.
CNN hem ady agzalmadyk bir amerikan resmisine salgylanyp, Tähranyň ýadro meselesinde "anyk öňegidişlik" gazanmak şerti bilen, Trampyň gutarnykly ylalaşygyň çäginde sanksiýalary ýeňilleşdirmegi we doňdurylan serişdeleri boşatmagy teklip etmäge taýýardygyny habar berdi.
Ozal Tramp žurnalistlere amerikan resmileriniň 28-nji sentýabrda ABŞ-nyň Eýran bilen urşuny bes etmäge synanyşýan araçylar bilen gepleşendigini aýdypdy. Ol ABŞ-nyň uruşda "örän basym" ýeňiş gazanjagyny hem belläpdi.
"Biz ýeňeris. Meniň pikirimçe, bu ýa bir ýol bilen, ýa-da başga ýol bilen bolar" diýip, Tramp aýtdy. "Bu gaty çalt bolar".
Şol bir wagtda, Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Tähranyň urşy "parahatçylykly ýol bilen çözmek" üçin araçylara teklip hödürländigini aýtdy. Emma ol möhüm ähmiýetli Hormuz bogazynyň gaýtadan açylmagy üçin Eýranyň ýokary lideriniň nygtan şertleriniň "ýerine ýetirilmelidigini" hem belledi.
Eýranyň döwlet mediasynyň maglumatyna görä, Arakçi 29-njy sentýabrda Kataryň araçylygynyň üsti bilen gutarnykly jogap almaga umyt edýändigini aýtdy.
"Eger amerikalylar ylalaşyk ýa-da parahatçylykly çözgüt gözleýändiklerini aýdýan bolsalar, biz şol çözgüdi hödürledik" diýip, Arakçi Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäreleriniň çäginde eden çykyşynda belledi.
Ýokary lider Mojtaba Hameneýi öz edarasynyň ýaýradan beýanatynda Eýranyň bogaza gözegçilik etmek talabyndan ýüz öwürmeýändigini aýtdy.
Martda bu wezipä saýlanaly bäri köpçüligiň öňünde görünmedik Hameneýi beýanatynda Eýranyň "duşmanyň isleýän döwrüne" zor bilen gaýtarylmajakdygyny yglan etdi.
Forum