Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýranyň ylalaşyk gazanmak üçin "soňky mümkinçiliginiň" bardygyny aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň bäş aý bäri dowam edýän urşy bes etmek barada ylalaşyk gazanmak üçin «soňky mümkinçiliginiň» bardygyny, ýogsam ýurduň «ýolbaşçylygynyň ýok edilmegi» bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini aýtdy.

«Meniň pikirimçe, belki, biz bir netijä gelip bileris. Emma ýok edilmegine geçmezden öň, men olara iň soňky mümkinçiligi bermek isleýärin» diýip, ol 3-nji awgustda Ak tamda geçirilen çärede žurnalistlere aýtdy. Şeýdip, Tramp Eýrana garşy uly hüjüm amala aşyrmak baradaky haýbatyny gaýtalady.

Dynç günleri Tramp Eýrana garşy ozal görülmedik hüjümi amala aşyrmak baradaky wadasyny wagtlaýynça «saklamak» kararyna gelendigini aýtdy. Ol Tähran bilen ylalaşygyň «çäkleri» boýunça ylalaşylandygyny öňe sürdi.

3-nji awgustda has ir Eýran Birleşen Ştatlar bilen gepleşik geçirmeýändigini aýtdy. Muňa jogap hökmünde Tramp sosial mediada Eýranyň ýolbaşçylaryny «ynanyp bolmajak derejede ikiýüzli» diýip atlandyrdy.

Gepleşikleriň ýagdaýy barada soralanda, Tramp žurnalistlere olaryň «häzirki wagtda dowam edýändigini» aýtdy. Ol iki tarapyň Eýranyň, şeýle hem ABŞ-nyň Pars aýlagyndaky ýaranlarynyň, şol sanda Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Kataryň haýyşy boýunça gepleşýändigini sözüniň üstüne goşdy.

«Bu olar üçin gowy dokumente gol çekmek üçin soňky mümkinçilikdir» diýip, ol Eýrany göz öňünde tutup aýtdy.

Waşington bilen Tähranyň arasynda gazanylan wagtlaýyn parahatçylyk ylalaşygy iýulyň ortalarynda, gol çekilenden bary-ýogy birnäçe hepde soň, bozuldy.

Forum

XS
SM
MD
LG