ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, eger Tähran Ormuz bogazyny açmasa, Eýranyň infrastrukturasyna agyr zarbalaryň uruljakdygy baradaky haýbatyny ýene bir gezek gaýtalady. Ol muny ABŞ güýçleriniň urulyp düşürilen F-15 söweş uçarynyň ýitirim bolan ekipaž agzasyny halas edendigini yglan edeninden birnäçe sagat soň, örän ýiti sözler bilen aýtdy.
Ol Truth Social platformasyndaky postunda ýazdy: “Sişenbe [7-nji aprel] Eýranda Elektrik stansiýalarynyň güni we Köprüleriň güni bolar, hemmesi bir ýerde. Bu görlüp-eşidilmedik bolar!!! Şol ***** Ormuz bogazyny açyň, akmak haramzadalar, ýogsam dowzahyň içinde ýaşarsyňyz — DIŇE SYNLAŇ!”
Trampyň soňky ultimatumy boýunça goýýan möhletleri onuň sosial ulgamlardaky ýazgylarynda we metbugat interwýularynda käte üýtgäp durdy.
Ol 5-nji aprelde The Wall Street Journal neşirine beren interwýusynda Eýranyň iki günüň içinde bogazy täzeden açmalydygyny, bolmasa “olaryň ýurtdaky ähli elektrik stansiýalaryny we beýleki ähli desgalaryny ýitirjekdigini” aýtdy. Şeýle hem bir gezek 6-njy apreli soňky möhlet hökmünde görkezdi.
Soňra bolsa, hiç hili düşündiriş bermezden, gysga ýazgy paýlaşdy: “Sişenbe, Gündogar wagty bilen 8:00!”
Şeýle-de bolsa, haýbatlaryna garamazdan, Tramp Fox News teleýaýlymyna beren interwýusynda Tähranyň “häzir gepleşik geçirýändigini” we ýakyn 24 sagadyň dowamynda ylalaşyga gelmegiň “gowy mümkinçiliginiň” bardygyna ynanýandygyny aýtdy.
“Meniň pikirimçe, ertir [6-njy aprel] gowy mümkinçilik bar. Olar häzir gepleşik geçirýärler” diýip, Tramp aýtdy.
“Eger olar tiz wagtda ylalaşyga gelmeseler, men ähli zady partlatmagy göz öňünde tutýaryn” diýip, ol sözüne goşdy.
Eýranyň parlament başlygy Mohammad Bager Galibaf munuň yzýany örän ýiti jogap berdi we Birleşen Ştatlary “howply oýnuny” bes edip, Tährana garşy urşuny bes etmäge çagyrdy.
Ak tamdaky käbir toparlar tarapyndan işleşip boljak hyzmatdaş hökmünde görülýändigi aýdylýan Galibaf 5-nji aprelde sosial ulgamda çap eden ýazgysynda Waşingtony konfliktde “oýlanyşyksyz ädimleri” etmekde aýyplap, “biziň tutuş sebitimiz ýanar” diýdi.
Tramp şeýle hem Birleşen Ştatlaryň eýran protestçilerine “kürtleriň üsti bilen” ýarag berendigini aýtdy. “Meniň pikirimçe, kürtler olary özlerinde saklap galdylar” diýip, ol belledi.
Eýranda dekabr aýynyň ahyrynda ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna garşy başlanan çykyşlar, soňra ýurt boýunça režime garşy çykyşlara öwrüldi. Howpsuzlyk güýçleriniň zorlukly basyp ýatyrmagy netijesinde onlarça müň eýranly öldürildi ýa-da tussag edildi.
“Ajaýyp” halas ediş operasiýasy
Bu aralykda, Tramp 3-nji aprelden bäri gyzgyn gözleg alnyp barylýan, urulyp düşürilen F-15E uçarynyň ekipaž agzasynyň aman halas edilendigini aýtdy we bu operasiýany “ajaýyp” diýip häsiýetlendirdi.
“Biz ony aldyk” diýip, Tramp halas ediş habary köpçülige mälim bolandan gysga wagt soň Truth Social-da ýazdy. Ol ekipaž agzasynyň “şikes alandygyny, ýöne onuň ýagdaýynyň gowy boljagyny” aýtdy. Birnäçe media serişdesi bu harbynyň Kuweýtdäki hassahana ýerleşdirilendigini habar berdi.
Soňky ýazgysynda Tramp halas edilen ekipaž agzasynyň “agyr ýaralanandygyny”, onuň polkownik çinindedigini we “Eýranyň daglarynyň jümmüşinden” çykarylandygyny ýazdy.
“Eýranyň harbylary ony uly tagalla bilen yzygiderli gözleýärdi we örän ýakynlaşýardy” diýip, ol belledi.
Bu çylşyrymly gije operasiýasy Trampyň Tährana Waşington bilen ylalaşyga gelmek ýa-da möhüm Ormuz bogazyny gämi gatnawyna açmak üçin beren soňky möhletinden bir gün öň geçirildi.
Öz ýazgysynda Tramp operasiýalaryň dowamynda hiç bir amerikalyň heläk bolmandygyny ýa-da ýaralanmandygyny aýtdy.
“Missiýa ýerine ýetirildi” diýip, bir amerikan resmisi 5-nji apreldäki operasiýadan soň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Media habarlarynda ady aýdylmadyk amerikan we sebitleýin resmilere salgylanyp, operasiýanyň bir bölegi bolmaly iki transport uçarynyň Eýranyň uzakdaky bazasyndan çykyp bilmändigi aýdylýar.
Amerikan resmileriniň sözlerine görä, bu uçarlary Eýranyň harbylarynyň eline düşmez ýaly özleri ýok edipdirler.
ABŞ-nyň ýörite maksat güýçleri
Ekipažyň ikinji agzasy – ýarag ulgamlary boýunça ofiser – 5-nji apreliň ýerli irki sagatlarynda geçirilen çylşyrymly, köp basgançakly halas ediş operasiýasynyň netijesinde çykaryldy. Bu operasiýa ABŞ-nyň Ýörite maksat güýçleriniň we beýleki harby bölümleriň gatnaşmagynda geçirildi.
Uçar Eýranyň günorta-günbatarynyň üstündäki gijeki tabşyryk mahaly urulanda, ekipažyň iki agzasy hem özüni uçardan çykarmaga mejbur bolupdy. Axios we Fox News neşirleriniň ýazmagyna görä, olar adatdan daşary ýagdaý aragatnaşyk enjamlary arkaly gysga wagtda ABŞ güýçleri bilen aragatnaşyk gurupdyrlar.
Habarlara görä, ekipaž agzasy uçar galyndylaryndan daşlaşyp, beýik ýerde gizlenipdir. Şol ýerde halas edijilere ugur görkezmek üçin adatdan daşary ýagdaý maýagy işjeňleşdirilipdir.
ABŞ resmileriniň maglumatlaryna görä, Eýranyň güýçleri, şol sanda yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň agzalary we onuň bilen ilteşikli basij güýçleri urlup düşürilen amerikaly harbyny işjeň gözläpdir. Amerikan halas ediş toparlarynyň öňüni almaga synanyşyklar edilip, ABŞ güýçleri Eýranyň bölümlerini uzakda saklamak üçin söweşe giripdir.
Guryýer çaknyşyklar
Fox News missiýa barada habarly çeşmelere salgylanyp, halas ediş wagty ýerde söweşiň bolandygyny habar berdi. Şeýle-de bolsa, hiç bir amerikan harbysy ölmedi. Ýerli şaýatlaryň ýaýradan wideolarynda gözleg operasiýasyna gatnaşan eýran güýçleriniň arasynda pidalaryň bolup biljekdigi aýdylýar.
Operasiýa ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň halas ediji-paraşýutçylary ýaly saýlama gullukçylary hem gatnaşdy; olara howa we ýerüsti serişdeler goldaw berdi. Habarlara görä, missiýanyň dowamynda iki halas ediş dikuçary duşman oduna sezewar bolupdyr, ekipaž agzalary ýaralansa-da, olar Eýranyň çäginden aman çykypdyr.
Eýranyň häkimiýetleri hem ekipaž agzalaryny gözläpdirler we olary tutup tabşyran ýerli ýaşaýjylara sylag wada edendikleri habar berildi.
Urlup düşürilen F-15E uçarynyň ýere gaçmagy netijesinde onuň tas doly weýran bolandygy aýdylýar.
Forum