ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 17-nji oktýabrda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşjakdygyny tassyk etdi.
Howa güýçleriniň Birinji uçarynyň bortunda bir žurnalist ondan 17-nji oktýabrda Ak tamda Zelenskini myhman alyp-almajakdygy barada soranda, Tramp "Men şeýle bolar diýip pikir edýärin. Hawa" diýip jogap berdi.
Zelenski biraz öň Trump bilen Ukrainanyň howa goragyny güýçlendirmek we uzak aralyga ýetýän ýaraglar bilen üpjünçilik meselesini ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti uzak aralyga ýetýän “Tomahawk” ganatly raketalarynyň Ukraina geçirilmegini aradan aýyrmaýar. Şol bir wagtda, Tramp Ukrainanyň olar bilen näme etjekdigini anyklamak, şeýle-de, Wladimir Putin bilen gürleşmek isleýändigini aýtdy.
Tramp Russiýa uruş meselesini parahatçylykly çözmekden ýüz öwürse, ABŞ-nyň Kiýewe “Tomahawk” raketalaryny geçirip biljekdigini, muny Putine aýtmak isleýändigini aýtdy.