ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň rus nebitini satyn almagy bes etmäge we Birleşen Ştatlardan, mümkin bolsa Wenesueladan hem, ýangyjy satyn almagy ep-esli ýokarlandyrmaga razy bolandygyny aýtdy.
“Bu häzirki wagtda dowam edýän Ukrainadaky URŞY GUTARMAGA kömek eder, bu uruşda her hepdede müňlerçe adam ölýär!” diýip, Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda ýazdy.
Trampyň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar hem munuň öwezine hindi harytlaryna goýulýan gümrük paçlaryny 25 göterimden 18 göterime çenli peselder. Şeýle hem Tramp Hindistanyň ABŞ-dan import edilýän harytlara goýulýan paçlary azaltmak ugrunda tagalla etjekdigini nygtady.
Hindistanyň premýer-ministri ABŞ prezidenti bilen gepleşiklerden soň X sosial ulgamynda Birleşen Ştatlaryň paçlary peseltmegine hoşal bolandygyny ýazdy. “Bu ajaýyp beýannat üçin Hindistanyň 1,4 milliard ýaşaýjysynyň adyndan prezident Trampa uly sag bolsun aýdýaryn” diýip, Modi sözüne goşdy.
Modiniň postunda nebit satyn almak baradaky ylalaşyklar agzalmady.
“Reuters” gullugynyň bellemegine görä, soňky döwür Hindistan Russiýadan nebit satyn almagyny peseldip başlady.