Russiýanyň Ukrainanyň dürli künjeklerinde, şol sanda Polşanyň serhediniň golaýynda üznüksiz hüjümlerini dowam etdirýän mahaly, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskini Russiýanyň dizel ýangyjy infrastrukturasyny nyşana almagy bes etmäge çagyrdy.
«Başga nyşanalar köp. Dizel ýangyjyna zarba urmaň» diýip, Tramp 13-nji sentýabrda Irlandiýa saparynyň dowamynda žurnalistlere aýtdy. «Russiýada dizel ýangyjyny ýok etmegi bes etmeli» diýip, ol belledi.
Trampyň bu sözleri onuň wekilleri Stiw Witkoff bilen Jared Kuşneriň Kiýewe we Moskwa sapar etmeginden bir hepde soň aýdyldy. Bu saparlar ABŞ-nyň araçylyk etmeginde uruşýan taraplary gepleşikler arkaly ylalaşyga ýakynlaşdyrmaga gönükdirilen soňky diplomatik tagallanyň bir bölegidi.
Taraplaryň ählisi gepleşikleri «mazmunly» diýip häsiýetlendirse-de, frontdaky ýagdaý üýtgemedi. Howanyň sowap başlamagy bilen, Russiýa Ukrainanyň raýat, logistika we energetika infrastrukturasyny nyşana alýan hüjümlerini dowam etdirýär.
Ukraina hem jogap hökmünde uzak aralyga uçýan dronlar bilen Russiýanyň içindäki energetika we harby desgalara zarba urmagyny dowam etdirýär. Kiýew Moskwanyň energiýa satuwyndan alýan girdejilerini azaltmaga we ony gepleşiklere mejbur etmäge gönükdirilen bu tagallalary «uzak aralykdan amala aşyrylýan sanksiýalar» diýip atlandyrýar.
Tomus başlanaly bäri ukrain dronlarynyň zarbalary Russiýanyň tutuş çäginde ýangyç gytçylygyna sebäp boldy. Bu häzir bäşinji ýyly dowam edýän Ukraina urşunyň täsirinden çetde galan rus raýatlarynyň arasynda nägileligi güýçlendirdi.
Ukraina Russiýanyň «NATO-nyň gapysyny kakýandygyny» duýdurýar
Soňky diplomatik tagallalar söweş meýdanyndaky dartgynlygyň iş ýüzünde gowşamagyna getirmedik mahaly, 13-nji sentýabrda irden rus dronlary Polşanyň serhediniň golaýynda iki gezek zarba urdy.
Ilkinji zarba Ukrainanyň Wolyn welaýatynda, Polşa bilen Ukrainanyň arasyndaky Ýahodyn serhet geçelgesiniň golaýyndaky ýangyç guýulýan bekede degdi. Heläk bolanlar ýa-da ýaralananlar barada habar berilmedi.
Ikinji zarba hem Wolyn welaýatynda, Polşanyň serhedinden bary-ýogy iki kilometr uzaklykda ýolagçy otlusynyň lokomotiwine degdi diýip, Ukrainanyň döwlet demir ýol operatory Ukrzaliznitsýa habar berdi. Ýerli ulag resmisi Oleksandr Şewçenkonyň sözlerine görä, otly Kiýewden Warşawa barýardy.
Ukrzaliznitsýa howplara gözegçilik edýän toparyň otlynyň işgärlerine hüjüm barada öňünden duýduryş berip ýetişendigini aýtdy. Heläk bolanlar ýa-da ýaralananlar barada habar berilmedi. Ukrainanyň sosial mediasynda ýaýran wideoýazgylarda demir ýol menzilindäki partlamadan gaçyp barýan adamlar görünýär.
Aýratyn beýanatda Ukrzaliznitsýa hüjümiň aslynda Ýewropanyň ýokary derejeli resmilerini, şol sanda Britaniýanyň öňki premýer-ministri Boris Jonsony alyp barýan «diplomatik otla» gönükdirilen bolmagynyň «gaty mümkindigini» aýtdy. Operatoryň maglumatyna görä, ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) öňki direktory Deýwid Petreus şol wagt başga bir otludady.
Petreus The New York Times gazetine ýokarda uçýan rus dronlarynyň sesini, soň bolsa partlamany eşidendigini aýtdy. Şondan soň ýolagçylar dessine ewakuasiýa edilipdir.
«Öň oka tutulyp görmedikler üçin bu elhençdi… Bu ukrain parahat ýaşaýjylaryny gorkuzmaga synanyşýan hakykatdan-da wagşy ýolbaşçynyň eden işidir» diýip, Petreus aýtdy.
Bu wakalar bolup geçýän mahaly, Polşanyň gündogaryndaky birnäçe etrapda howa hüjümi barada duýduryş berildi.
Polşanyň howa giňişliginiň bozulandygy barada habar berilmedik hem bolsa, ýurduň Ýaragly güýçleriniň Operatiw serkerdeliginiň metbugat wekili Ýatsek Goryşewski «Polşa abanýan howpuň hakykydygyny» aýtdy.
13-nji sentýabrda bolan beýleki wakalarda Rumyniýanyň häkimiýetleri bir dronyň ýurduň çägine girendigini habar berdiler. Litwa bolsa dronyň görnen bolmagynyň mümkindigi barada duýduryş berip, paýtagtyň we oňa ýanaşyk sebitleriň ýaşaýjylaryny ätiýaçlyk çäresi hökmünde pena ýerlerine gitmäge çagyrdy.
Ýurduň Wilnýusdaky esasy howa menzili ýapyldy, NATO-nyň harby uçarlary bolsa gyssagly howa göterildi. Bir sagadyň içinde duýduryş ýatyryldy.
«Russiýanyň Ýahodynda, Ukraina-Polşa serhedinde uran wagşyçylykly zarbalary döwlet serhetlerimize garşy hüjümleriniň diňe dowamy däl» diýip, Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha 13-nji sentýabrda X ulgamynda ýazdy. «Bu Putiniň Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň gapylaryny göni “kakýan” terrorçylyk hereketleridir».
Ol Ýewropa liderlerini Russiýa garşy sanksiýalaryň «ähli güýjüni ulanmaga» çagyrdy.
Şu aýyň başynda Germaniýa partlaýjy serişdeler ýüklenen dronlaryň Leýpsig howa menzilindäki uçuşlary bökdän wakasy üçin Moskwany resmi taýdan aýyplady. Şonda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen «ýewropalylaryň indi munuň adaty ýagdaýa öwrülendigi baradaky ajy hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny» aýtdy.
«Hut bu zarbalaryň Ýewropanyň beýleki ýerlerine ýaýramagynyň öňüni almak üçin ukrain erkekleri we aýallary her gün söweşýär, bu agressiýanyň geriminiň giňelmezligi üçin janlaryny pida edýär» diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 13-nji sentýabrda Telegramdaky ýazgysynda belledi.
«Russiýanyň terrorçylygy köpler üçin umumy howpdur. Emma ony hut şu ýerde — Ukrainada ýeňip bolar we ýeňmeli» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Zelenskiniň sözlerine görä, soňky bir hepdede Ukrainanyň dürli ýerlerindäki nyşanalara edilen hüjümlerde jemi 2 müň 100 dron, 1 müň 700 planirleýän bomba we 73 raketa ulanyldy.
Ukrain häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Russiýanyň soňky hüjümlerinde ýurduň günbataryndaky Iwano-Frankiwsk, Ternopil we Lwiw welaýatlary, şeýle hem urşuň weýran eden gündogardaky Donetsk welaýaty we günortadaky möhüm Odesa sebiti hem nyşana alyndy.
Odesa oblastynyň häkimiýetleri dron zarbasynyň birnäçe ýaşaýyş jaýyna degmegi netijesinde dokuz adamyň ýaralanandygyny aýtdylar. Şeýle hem sebitde bir ammaryň nyşana alnandygy habar berildi.
Şol bir wagtda, sebitiň merkezi Odesa şäherinde halas edijiler 12-nji sentýabr gijesi 25 gatly ýaşaýyş jaýyna dron zarbasynyň urlan ýerindäki işlerini tamamladylar. Şol hüjümde iki adam heläk bolup, 20-den gowrak adam ýaralanypdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi gijeki zarbalarynyň «harby ýükleriň eltilýän we paýlanylýan logistika merkezlerini, şeýle hem olaryň işini üpjün edýän energetika desgalaryny» nyşana alandygyny öňe sürdi.
Ministrlik Ukrainanyň günbataryndaky demir ýol infrastrukturasyna hem zarba urulandygyny habar berdi.
Russiýa parahat ilatyň ýaşaýan ýerlerini nyşana alýandygyny inkär edýär. Emma onuň giň gerimli çozuşy başlanaly bäri müňlerçe adamyň ölümine getiren şeýle hüjümleriň köp sanly subutnamasy bar.
Forum