Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp, Makronyň "Parahatçylyk Geňeşine" goşulmaýandygy sebäpli, fransuz şeraplaryna paç salmak haýbatyny atdy


Tramp we Makron Ak Tamda, 2025-nji ýylyň 24-nji fewraly
Tramp we Makron Ak Tamda, 2025-nji ýylyň 24-nji fewraly

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň ýazan hatyny özüniň "Truth Social" sahypasynda ýerleşdirdi.

"Biz Siriýa meselesinde doly ylalaşýarys. Biz Eýran meselesinde uly netijeleri gazanyp bileris. Emma men siziň Grenlandiýa bilen näme işiňiziň bardygyna düşünmeýärin" diýlip, fransuz lideriniň beýanatynda aýdylýar.

Makron Trampa Dawosdaky Bütindünýä ykdysady forumyndan soň G7 duşuşygyny gurnamagy we Daniýadan, Ukrainadan, Siriýadan we Russiýadan wekilleri çagyrmagy, ýa-da 22-nji ýanwarda Parižde agşamlyk naharyna ýygnanmagy teklip etdi.

Politico” we “Bloomberg” neşirleri Fransiýanyň prezidentiniň ABŞ-nyň prezidentiniň “Parahatçylyk Geňeşine” goşulmak teklibini ret etmekçi bolýandygyny habar berdiler. Bu karar, habar berilmegine görä, täze gurluşyň Gaza zolagynyň geçiş dolandyryşyndan daşary giň ygtyýarlyklara eýe boljakdygy we Birleşen Milletler Guramasynyň gurluşyna zyýan ýetirjekdigi baradaky aladalar sebäpli kabul edildi.

Şondan soň Tramp Makrony tankytlady we fransuz şeraplaryna we şampanlaryna 200 göterim paç salmak haýbatyny atdy.

"Onuň hiç kime zerurlygy ýok, sebäbi ol basym wezipesinden gider [Makronyň prezidentlik möhleti 2027-nji ýylyň maý aýynda tamamlanmaly - AR]" diýip, Bloomberg onuň aýdanlaryny sitirleýär. "Men onuň şeraplaryna we şampanlaryna 200 göterim salgyt salaryn, onsoň ol goşular" diýip, Tramp aýtdy

XS
SM
MD
LG