Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp, "örän gowy" gepleşiklerden soň, Eýranyň energiýa nyşanalaryna zarba urulmajakdygyny aýtdy

Tähran. Zaba urlan ýerde duran adam
Tähran. Zaba urlan ýerde duran adam

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp soňky iki günüň dowamynda Tähran bilen çaknyşyklary soňlamak barada "örän gowy we netijeli" gepleşikleri geçireninden soň, Eýranyň energiýa infrastrukturasyna ediljek islendik hüjümi bäş günläp togtadýandygyny aýtdy.

“Bütin hepde dowamynda dowam etjek çuňňur, jikme-jik we konstruktiw söhbetdeşlikleriň häsiýetine we äheňine esaslanyp, men Uruş departamentine Eýranyň elektrik stansiýalaryna we energiýa infrastrukturasyna garşy islendik we ähli harby hüjümleri bäş günlük möhlete yza süýşürmegi tabşyrdym” diýip, ol 23-nji martda sosial mediada ýazan ýazgysynda aýtdy we togtadyşyň gepleşikleriň üstünlikli bolmagyna baglydygyny hem sözüne goşdy.

Bu beýanat, Waşington bilen Tähranyň arasynda gepleşik geçirilýändigi barada hiç bir habar berilmezden, Trampyň Eýranyň möhüm Hormuz bogazyny açmagy üçin bellän möhletiniň golaýlap gelýän wagtynda edildi. Prezidentiň agzan hepde ahyryndaky gepleşikleri barada hiç hili jikme-jiklik berilmedi.

Tramp Tährana 23-nji martda, Waşington wagty bilen agşam sagat 7:44-e çenli dünýäniň nebit we gaz üpjünçiliginiň takmynan 20 göterimini geçirýän esasy suw ýoluny "doly açmagy" ýa-da Eýranyň elektrik stansiýalarynyň ýok edilmegi ýaly agyr netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolmagy barada möhlet berdi.

XS
SM
MD
LG