Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp we Zelenski gepleşiklerdäki ilerlemä oňyn baha berdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski metbugat ýygnagynda çykyş edip, žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi. Florida, 28-nji dekabr, 2025
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski metbugat ýygnagynda çykyş edip, žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi. Florida, 28-nji dekabr, 2025

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski Floridada geçiren gepleşikleri tamam bolanyndan soň, bilelikde metbugat ýygnagynda çykyş edip, žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

"Häzirki zaman" teleýaýlymy metbugat ýygnagyny göni ýaýlymda alyp görkezdi.

Iki prezident hem duşuşygy we Ýewropa liderleri bilen bolan telefon söhbetdeşligini "ajaýp" diýip atlandyrdy.

Tramp tutuş toparyna minnetdarlyk bildirdi we ýakyndaky iki hepdede täze gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy.

Zelenski iki tarapyň hem uly öňegidişlik gazanandygyny belledi.

“20 maddadan ybarat meýilnama 90% ylalaşyldy, ABŞ-nyň howpsuzlyk kepillikleri 100%, ABŞ-nyň we Ýewropanyň kepillikler 90%, harby ugur 100% ylalaşyldy, Ukrainanyň ykdysadyýetini dikeltmek meýilnamasy işlenip düzülýär” diýip, Zelenski aýtdy.

Şeýle-de, ol ýanwar aýynda Tramp bilen ýewropa liderleriniň duşuşygynyň geçiriljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG